HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan - Koreýa Respublikasy: ýokary bilim hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Ýanwar 12, 2026 | 12:00 |7586
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy G.Saparowa 7-15-nji ýanwar aralygynda Kangwon milli uniwersitetinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýokary bilim hyzmatdaşlygy boýunça hünär okuw maksatnamasyna gatnaşýarTürkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy G.Saparowa 7-15-nji ýanwar aralygynda Kangwon milli uniwersitetinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýokary bilim hyzmatdaşlygy boýunça hünär okuw maksatnamasyna gatnaşýar
Çeşme: education.gov.tm

«Türkmenistanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda» kabul edilen Ähtnamanyň çäklerinde Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy G.Saparowa 7-15-nji ýanwar aralygynda Kangwon milli uniwersitetinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýokary bilim hyzmatdaşlygy boýunça hünär okuw maksatnamasyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Bu bilim maksatnamasy daşary ýurtly talyplary çekmek, goldamak we hyzmatdaşlyk etmek boýunça tejribeleri paýlaşmak, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen talyplaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirilýär. Maksatnama umumy okuw, toparlaýyn bilim we medeni-öwreniş çärelerini öz içine alýar.

Hünär okuw maksatnamasynyň meýilnamasy koreý dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de koreý dili mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleri öz içine alýar. Maksatnamanyň çäginde koreý dilini daşary ýurtly talyplara okatmagyň häzirki zaman pedagogik usullaryny ornaşdyrmak, okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak we mugallymlaryň tejribesini artdyrmak esasy ugur hökmünde kesgitlenilýär. Bu maksat bilen Kangwon milli uniwersitetiniň okuw-usuly materiallary esasynda koreý dilini okatmagyň netijeli usullary öwreniler we tejribede ulanylar.

Kangwon milli uniwersiteti Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy G.Saparowa

Şeýle-de koreý halk ertekileriniň, medeni mirasynyň we okuw materiallarynyň üsti bilen dil öwretmegiň usullaryna aýratyn üns berilýär. Bu çemeleşme okuwçylaryň dil başarnyklary bilen birlikde, olaryň medeni düşünjesini ösdürmäge hem mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, maksatnamanyň çäginde koreý dili boýunça halkara derejeli TOPIK synagyna taýýarlyk görmek maksady bilen mugallymlar üçin usuly-amaly okuwlar guralar. Bu okuwlar synag talaplaryny çuňňur öwrenmäge, talyplary synaga taýýarlamagyň netijeli strategiýalaryny işläp taýýarlamaga hem-de bahalandyrma ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdiriler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026