Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2026-njy ýylyň Pekin Kitap Ýarmarkasy açyldy

Ýanwar 11, 2026 | 14:51 |4438
Çeşme: orient.tm

Hytaýda köpçülikleýin okamagy höweslendirmek maksady bilen alnyp barylýan tagallalaryň çäginde, 2026-njy ýylyň Pekin Kitap Ýarmarkasy hepdäniň penşenbe güni öz işine başlady.

Pekiniň Çaoýan etrabyndaky Hytaý Halkara Sergi Merkezinde geçirilýän bu ýarmarka 50 müň inedördül metr meýdançada gurnalyp, 2 müň 700-den gowrak kabinalarda 400 müňden gowrak kitaplar hödürlenýär. Bu çärä iri neşirýat gulluklary we degişli edaralar gatnaşýar.

Bu ýarmarka şu ýylyň 1-nji fewralyndan güýje girjek täze milli düzgünnama bilen gabat gelýär. Düzgünnama jemgyýetiň aň-bilim, ahlak, ylmy we medeniýet derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinmek bilen, Hytaýy ösen medeniýetli döwlete öwürmek ugrunda alnyp barylýan syýasaty goldaýandyr.

Neşirýat pudagynyň wekilleri bu düzgünnamanyň pudaga täze itergi berýändigini belleýärler. Söwda-senagat palatasynyň neşirýatynyň partiýa sekretary Gu Sin, bu düzgünnamanyň Hytaýyň sözleýiş dili we ýazuwy boýunça kitaplaryň bazaryny giňeltmäge hem-de sanly we döwrebap tehnologiýalaryň neşirýat işine ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Neşirýatlar öz işlerini milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlary bilen has ýakyndan sazlamagy hem maksat edinýärler. Hytaý Radio we Telewideniýe Neşirýatynyň marketing bölüminiň ýolbaşçysy Szu Ýanbo täze ösýän pudaklardan hem-de baý audiowizual serişdelerden peýdalanyp, halk köpçüligine has ýakyn kitaplary döretmegiň möhümdigini belledi.

Hytaýyň Demokratik Hukuk Ulgamy Neşirýatynyň partiýa sekretary Liu Haitao bolsa üstünlik gazanan kitaplaryň mysalyny getirip, kitaplary gündelik durmuş we adamlar bilen has ýakyn etmeklik neşirýat pudagynyň esasy wezipeleriniň biri bolup galýandygyny belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026