HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar anna güni magnit hadysalary barada duýdurdylar

Ýanwar 08, 2026 | 16:40 |4317
Alymlaryň habar bermegine görä, anna güni günüň ortalarynda Ýeriň golaýyndan orta möçberli plazma zyňyndysynyň geçmegi sebäpli pes derejeli magnit hadysalaryna garaşylýarAlymlaryň habar bermegine görä, anna güni günüň ortalarynda Ýeriň golaýyndan orta möçberli plazma zyňyndysynyň geçmegi sebäpli pes derejeli magnit hadysalaryna garaşylýar
Çeşme: mail.ru

Alymlaryň habar bermegine görä, anna güni günüň ortalarynda Ýeriň golaýyndan orta möçberli plazma zyňyndysynyň geçmegi sebäpli pes derejeli magnit hadysalaryna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy mälim etdi.

«6-njy ýanwarda Günden çykyp giden orta möçberli plazma zyňyndysynyň planetamyzyň ýanyndan geçmegi sebäpli ertir günüň ortalarynda G1 derejesindäki pes magnit hadysalaryna garaşylýar», — diýip alymlar bellediler.

Şeýle-de olar plazma buludynyň gapdala tarap güýçli süýşendigini göz öňünde tutup, çaklamanyň durnuksyzdygyny aýtdylar.

«Zyňyndynyň örän az çepe gyşarmagy ýagdaýynda, ol Ýeriň ýanyndan hiç hili geomagnit täsirsiz geçip biler, emma ters tarapa bolan “ýalňyşlyk” hasaplanan görkezijiler bilen deňeşdirilende geomagnit yrgyldylarynyň ep-esli güýçlenmegine sebäp bolup biler», — diýip institutda bellediler.

Ýylyň başyndan bäri Günde bolup geçýän şöhle hadysalarynyň derejesi we sany pes ýagdaýda saklanýar hem-de ýakyn günlerde olaryň güýçlenjekdigine alamat ýok. Şeýle-de alymlar Ýere gönükdirilen Gün tarapynda adaty bolmadyk şekilli täze koronal deşigiň peýda bolmagy sebäpli, ýakyn iki günde Gün şemalynyň tizliginiň ortaça artmagynyň mümkinçiligini nygtadylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý robotlary World AI Summit sammitinde öňdebaryjy mümkinçiliklerini görkezdi

Hytaý robotlary World AI Summit sammitinde öňdebaryjy mümkinçiliklerini görkezdi

18:30 Oktýabr 10, 2026
Ysraýyl Gündogar Iýerusalimdäki Beýik Britaniýanyň konsullygynyň işini bes edýändigini yglan etdi

Ysraýyl Gündogar Iýerusalimdäki Beýik Britaniýanyň konsullygynyň işini bes edýändigini yglan etdi

17:30 Oktýabr 10, 2026
Türkmen aşpeziň Dubaýdaky restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy

Türkmen aşpeziň Dubaýdaky restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy

13:30 Oktýabr 10, 2026