HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy gutlady

Ýanwar 07, 2026 | 23:15 |7340
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Täze ýyl we Roždestwo baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdiABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Täze ýyl we Roždestwo baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi
Çeşme: whitehouse.gov

Aşgabat, 7-nji ýanwar | ORIENT. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Täze ýyl we Roždestwo baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.

Protokol gutlagynyň gysga setirleriniň aňrysynda täzelenen amerikan administrasiýasynyň Merkezi Aziýa sebitiniň esasy oýunçysyna gönükdirilen netijeli ugruny görmek bolýar.

Hyzamatdaşlyklar

Energetika diplomatiýasy: 2026-njy ýylda Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ Ýewraziýanyň energetika howpsuzlygyna ünsüni güýçlendirýär. Waşington TOPH (Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan) gaz geçirijisiniň taslamasyna we türkmen gazynyň günbatar bazarlaryna eksport edilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns bermegini dowam etdirýär. Türkmenistan üpjünçiligiň durnuklylygynyň şerti hökmünde ABŞ-nyň strategik taýdan üns merkezinde bolmagynda galýar.

C5+1» formaty we işewürlik-pragmatizmi: Donald Trampyň daşary syýasatynyň elmydama “ykdysady maksadalaýyklyga” esaslanýandygy mälimdir. “B5+1” işewürlik-platformasynyň işjeňleşmegi hem amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanda önümçiligi ýerli şertlere uýgunlaşdyrmagyň we logistik geçelgeleri ösdürmegiň ýollaryny gözleýändigini aňladýar.

Howpsuzlyk we durnuklylyk: Hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistan sebitleýin howpsuzlyk meselelerinde möhüm araçy bolup hyzmat edýär. Göni gapma-garşylyklary azaltmaga çalyşýan Donald Trampyň administrasiýasy üçin Aşgabadyň garaýşy Merkezi Aziýada gymmatly ýörelgedir.

Wiza meselesi: 2026-njy ýylyň başyndan bäri Waşington türkmen raýatlaryna immigrasiýa däl wizalaryň berilmegine ozal girizilen çäklendirmeleri doly ýatyrdy we olaryň ýerine ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Visa Bond” atly ählumumy synag maksatnamasynyň çäginde ulanylýan maliýe jogapkärçiliginiň çeýe gurallaryny girizdi. (Düşündiriş: bu “gadaganlyk” ýa-da “sanksiýa” däldir. Bu maliýe guraly (5 000-den 15 000 dollara çenli girew) bolup, eger konsul arzaçynyň wagtynda gaýdyp geljekdigine şübhelenýän bolsa, ony talap edip biler (ýöne hökmany däl).

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026