Ertirki günüň ýyldyzlary: Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy


Aşgabat, 6-njy ýanwar | ORIENT. Türkmenistanda gyşky dynç alyş – bu diňe bir dynç alyş wagty däl, eýsem, ýurduň iň zehinli ýaşlary üçin üstünlik gazanmagyň pursadydyr. Şu gün Söwda-senagat edarasynda her ýylda geçirilýän Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu bäsleşik — heniz 18 ýaşy dolmadyk, ýöne ylymda, sportda we sungatda özüni tanadanlar üçin özboluşly “geljege ýollanmadyr”.
Ähli welaýatlaryň etraplarynda we şäherlerinde geçirilen örän çylşyrymly saýlama tapgyrlaryndan üstünlikli geçen çagalar baýragyň eýeleri boldular. Olaryň arasynda mekdep olimpiadalarynyň ýeňijileri bolan we täzeçil çözgütleri hödürleýän ýaş alymlar, türkmen sportunyň adyna eýýäm medallary getirýän türgenler, şeýle hem milli medeniýetiň özboluşly däplerini dowam etdirýän sazandalar we suratkeşler bar.
Dabara bu baýragyň adyny göterýän, täsin owazly ady rowaýata öwrülen oglanjyk — Gulbaba baradaky täsirli wideoşekiller bilen başlandy. Onuň ömri gysga hem bolsa, ol Türkmenistanda çagalaryň zehininiň simwolyna öwrülmegi başardy. Zalda ýaňlanan oňuň aýdymlary bolsa, myhmanlara hakyky sungatyň ýaş saýlamaýandygyny ýatlatdy.
Baýramçylyk Täze ýylyň jadysyndan sowa geçmedi. Täze ýyl sahnasy türkmen ertekileriniň janly şekiline öwrüldi. Emma baýramçylyk şagalaňynyň aňrysynda çynlakaý netije ýatyr: Gulbaba adyndaky baýrak — ýaşlary goldamak boýunça uly döwlet strategiýasynyň bir bölegidir.
Bu gün bu çagalar Aşgabatda diplom alýan bolsalar, ertir hut şolaryň özleri Garaşsyz Türkmenistanyň ylmyny we medeniýetini öňe ilerletjek “maksada okgunly ganatly bedewler” bolar.








