BAE Täze ýyl gijesinde bäş sany dünýä rekordyny goýdy


Birleşen Arap Emirliklerinde her ýyl geçirilýän Şeýh Zaýed festiwaly bu Täze ýyl baýramçylygyny hem üstünlikli geçirdi. Festiwalyň çäklerinde geçirilen Täze ýyl agşamynda 62 minut dowam eden dünýäniň iň uly feýerwerk görkezilişi guralyp, onuň esasynda bäş sany Ginnesiň täze dünýä rekordy goýuldy.
2026-njy ýyly garşylamak üçin 2025-nji ýylyň 31-nji dekabrynyň ir säherinden bu festiwala 163 müňden gowrak myhman gatnaşdy, şol bir wagtyň özünde ýarym milliondan gowrak adam onuň töweregindäki jemgyýetçilik ýerlerinden owadan feýerwerklere tomaşa etdi.
Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan bu gyzykly çäreler dünýä metbugatynyň üns merkezinde bolup, 600-den gowrak halkara teleýaýlymlar we habarlar agentlikleri bu dabaralary göni ýaýlymda görkezdiler.
Rekord görkezijiler 30 sekuntda atylan iň köp şaglawuk feýerwerklerini, 30 sekuntda sesli feýerwerkleriň, 30 sekuntda ýyldyrymly feýerwerkleriň we 30 sekuntda halka görnüşli feýerwerkleriň iň köp sanyny öz içine aldy.

Täze ýyl gijesinde dünýäde iň uly dron şou (görkezilişi) hem geçirilip, birbada 6 500 dron 20 minutlap uçup, taryhda ilkinji gezek görkezilýän dokuz sany ägirt uly şekilleri emele getirdi.
Şeýle hem baýramçylykda ekologik taýdan arassa 500 000 sany şar asmana uçuryldy. Her bir şarda ýerli agaçlaryň we ösümlikleriň tohumlarynyň bolmagy baýramçylyk pursadyny täsirli ekologiýa çäresine öwürdi.
Çärä gatnaşyjy uly ýaşlylar we çagalar dürli göwün açyş we bilim çärelerinden, şol sanda dynç alyş seýilgähinden, çagalar teatryndan we interaktiw çykyşlardan lezzet aldylar.
Şeýh Zaýed festiwaly – bu BAE-nde (Abu-Dabi) geçirilýän ýyllyk uly medeni we dynç alyş çäresidir. Ol noýabr aýyndan fewral/mart aýlaryna çenli dowam edýär we myhmanlara BAE-niň däp-dessurlaryny we 27 ýurduň medeniýetini şöhlelendirýän interaktiw sergileri, okuw maslahatlaryny, çykyşlary, konsertleri we feýerwerkleri hödürleýär.








