Siamen bilen Pusan şäherleriniň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýuldy
Hepdäniň ýekşenbe güni Günorta Koreýanyň Air Busan awiakompaniýasynyň BX3795 belgili howa gatnawyny ýerine ýetirýän uçary 210-dan gowrak ýolagçy bilen Hytaýyň gündogaryndaky Fuszian welaýatynyň Siamen şäheriniň howa menziline gondy. Bu howa gatnawy Hytaýyň Siamen şäheri bilen Koreýa Respublikasynyň Pusan şäheriniň arasyndaky ilkinji iki taraplaýyn göni howa gatnawynyň resmi taýdan ýola goýlandygyny tassyklady.
Bu täze uçuş ugry Günorta Koreýadan gelýän syýahatçylar üçin ýörite gurnalan çarter howa gatnawy bolup, bu gatnaw şu ýylyň 4-nji ýanwaryndan 1-nji marty aralygynda hepdede dört gezek amala aşyrylar. Koreýa Respublikasynyň Pusan şäheriniň Gimhae halkara howa menzili bilen Hytaýyň Siamen şäheriniň Gaoszi halkara howa menzili aralygynda täze ýola goýlan bu howa gatnawynyň uçuş dowamlylygy 1 sagat 50 minuda barabardyr.
Häzirki wagtda Siamen Gaoszi halkara howa menzilinden Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherine hepdede 28 sany howa gatnawlary amala aşyrylýar. Täze howa gatnawynyň açylmagy uçar gatnawlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga, Siamen şäherinde ýerli syýahatçylygy höweslendirmäge, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda, syýahatçylyk we medeni gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer.








