HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin 2025-nji ýylda iri döwletler bilen gatnaşyklaryň durnukly ösüşini öňe sürdi

Ýanwar 03, 2026 | 18:36 |5750
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, uzak möhletli strategik garaýşy esasynda, 2025-nji ýylda Hytaý döwletiniň dünýäniň iri döwletleri bilen gatnaşyklarynyň sagdyn we durnukly ösüşini yzygiderli öňe sürdi.

Si Szinpiniň diplomatiýasynyň esasynda, iri döwletler bilen gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak we parahatçylykly ýaşamak, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine laýyklykda ösdürildi.

Soňky bir ýylda Hytaý döwleti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar umumy durnuklylygyny saklady. Hytaý döwleti munuň iki halkyň umumy bähbitlerine laýyk gelýändigini hem-de halkara jemgyýetçiliginiň umumy garaşyşlaryna laýykdygyny belledi.

2025-nji ýylyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp dört gezek telefon arkaly gepleşik geçirdiler we birnäçe gezek hat alyşdylar. Oktýabr aýynda bolsa, alty ýyllyk arakesmeden soň, Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde 100 minut dowam eden duşuşyk geçirildi. Taraplar Hytaý döwleti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de dünýä parahatçylygy we ösüşi bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

“Hytaý döwletiniň ösüş ýoly jenap Prezidentiň “Amerikany ýene beýik etmek” baradaky ýörelgesine çapraz gelmeýär. Hytaý bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary biri-biriniň üstünlik gazanmagyna we bilelikde gülläp ösmegine ýardam bermäge ukyplydyrlar” diýip, Si Szinpin duşuşykda aýtdy.

Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hem ýokary derejede durnuklylygyny saklady. Taryhy ähmiýeti bolan 2025-nji ýylda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň saparlary özara ynama we goldawa esaslanmak bilen, Hytaý döwleti bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky giňişleýin strategik hyzmatdaşlygyň esasy aýratynlygyny görkezdi.

Maý aýynda Si Szinpin, Russiýa Federasiýasyna döwlet saparyny amala aşyryp, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy. Ol, goňşy iri döwletler hökmünde Hytaý bilen Russiýanyň özara gatnaşyklaryny ösdürmegiň dogry ýoluny tapandyklaryny aýtdy.

“Halkara derejesinde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe Hytaý Halk Respublikasy bilen Russiýa Federasiýasy uzak möhletli hoşniýetli goňşuçylyk, giňişleýin strategik hyzmatdaşlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhuny berk saklamalydyr» diýip, Si Szinpin belledi.

Dekabr aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy. Bu iki ýurt bir ýyl mundan öň özara diplomatik gatnaşyklarynyň 60 ýyllygyny belläpdi. Si Szinpin Hytaý döwletiniň Fransiýa bilen strategik hyzmatdaşlygyny geljek 60 ýylda hem durnukly ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

2025-nji ýylda Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 50 ýyl doldy. Iýul aýynda Si Szinpin Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, Hytaý döwletiniň we Ýewropa Bileleşiginiň özara gatnaşyklarynyň geljek 50 ýyl üçin dogry strategik ugruny kesgitlemegiň möhümdigini aýtdy.

«Hytaý döwleti bilen Ýewropa Bileleşigi, dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe öňdengörüjilik we jogapkärçilik görkezmelidirler, özara gatnaşyklary geljek nesiller üçin has oňyn tarapa gönükdirmelidir», diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy belledi.

Şeýlelikde, 2025-nji ýylda Hytaý döwleti öz milli ösüş maksatlaryny öňe sürmek bilen bir hatarda, dünýäde durnuklylyk we hyzmatdaşlyk üçin iri döwletler bilen gatnaşyklaryň diplomatiýasynyň Hytaý ýörelgesini ösdürmegi dowam etdirdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026