HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maglumat köprüleri: ORIENT halkara hyzmatdaşlaryndan gutlaglary kabul edýär

Dekabr 30, 2025 | 16:15 |7706
Täze ýylyň öňýanyndaky gün – bu diňe bir netijeleri seljermek üçin däl, eýsem habarlar akymyndan hem has giňeýän gatnaşyklary berkitmegiň hem wagtydyr. ORIENT mediatoparyna esasy halkara hyzmatdaşlaryndan gutlaglar gelip başladyTäze ýylyň öňýanyndaky gün – bu diňe bir netijeleri seljermek üçin däl, eýsem habarlar akymyndan hem has giňeýän gatnaşyklary berkitmegiň hem wagtydyr. ORIENT mediatoparyna esasy halkara hyzmatdaşlaryndan gutlaglar gelip başlady
Çeşme: orient.tm

Aşgabat | ORIENT. Täze ýylyň öňýanyndaky gün – bu diňe bir netijeleri seljermek üçin däl, eýsem habarlar akymyndan hem has giňeýän gatnaşyklary berkitmegiň hem wagtydyr. ORIENT mediatoparyna esasy halkara hyzmatdaşlaryndan gutlaglar gelip başlady.

CGTN: “Mümkinçilikleri açýan hyzmatdaşlyk”

Baýramçylyk hatlarynyň arasynda Hytaýyň Global telewizion torunyň baş redaktorynyň orunbasary, CGTN-iň Rus gullugynyň direktory jenap Din Ýunyň hut özüniň haty aýratyn orun aldy.

CGTN-iň ýolbaşçylygy öz ýüzlenmesinde ýola goýlan gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi:

“Biz aramyzda ynanyşmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýäris we täze ýylda hyzmatdaşlygymyzyň täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys. 2025-nji ýyldaky goldawyňyz we netijeli hyzmatdaşlygyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris” — diýlip, hatda bellenilýär.

ORIENT üçin CGTN ýaly ägirt uly media ulgamy bilen hyzmatdaşlyk etmek — umumy hünär gymmatlyklaryna esaslanyp, Türkmenistanyň gün tertibini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçiligidir.

KazanForum: “Täze älem giňişligine”

“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumynyň Guramaçylyk komitetinden hem ruhlandyryjy gutlag gelip gowuşdy. ORIENT mediatoparynyň Ýewraziýanyň iň iri forumlarynyň biriniň meýdançalarynda köp ýyllaryň dowamynda bilelikde işleşip gelýän Tatarystanly kärdeşleri özara gatnaşyklaryň özboluşlydygyny belläp geçdiler:

“Biz siziň dünýäniň islendik ýerinde dialoga açyklygyňyza we täze çözgütleri tapmak ukybyňyza ýokary baha berýäris. Hakyky hünärmenler üçin ýapyk gapylaryň ýokdugyny biz bilelikde subut etdik. Biz hyzmatdaşlygymyzyň täze derjelere çykjakdygyna bolan ynam bilen täze ýyla gadam basýarys”.

Açyk gapylar diplomatiýasy

Bu gutlaglar – diňe bir etiketiň berjaý edilmegi däl. “Ýapyk gapylaryň ýoklugy” we “täze derejeler” baradaky sözler ORIENT-iň 2025-nji ýyldaky hakyky ösüş depginini görkezýär. Redaksiýamyz üçin şeýle abraýly gurluşlar tarapyndan berilýän baha — bu dünýä açyk media serişdesi hökmünde ösüşi dowam etdirmek üçin kuwwatly itergidir.

2026-njy ýyla gadam basmak bilen, ORIENT ähli halkara hyzmatdaşlaryna bildirýän ynamy üçin minnetdarlyk bildirýär. Biz dostluk we hünär agzybirligi astynda täze “ýagty ýeňişlere we möhüm üstünliklere” taýýardyrys.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026