HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sinszianyň Horgos portunyň üsti bilen şu ýylyň 11 aýynda 42 million tonnadan gowrak ýük geçirildi

Dekabr 30, 2025 | 10:05 |4871
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszian Uýgur Awtonom welaýatynda ýerleşýän Horgos portunda 2025-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda import we eksport ýük dolanyşygy 42 million 440 müň tonna ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1.4 göterim artdy.

Horgos Gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, agzalan döwürde importyň esasy bölegini mehaniki, elektron hem-de oba hojalyk harytlary düzdi. Eksportda bolsa täze energiýaly ulaglar öňdebaryjy orny eýeledi.

Ýük dolanyşygynyň artmagy bilen iş görnüşleriniň kämilleşdirilmegi biri-birini güýçlendirip, Horgos portunyň möhüm logistika ornuny has-da berkitdi.

Üstümizdäki ýylyň maý aýynda girizilen gümrük düzgünleri netijesinde import edilýän harytlaryň resmileşdirilme wagty iki-üç günden 16 sagada çenli gysgaldy. Ýerli eksport harytlaryny resmileşdiriş wagty bolsa alty sagatdan bir sagada çenli azaldy. Gümrük we demir ýol edaralarynyň arasynda edil häzirki wagtda maglumat alyş-çalşygy otlularda ýükleriň resmileşdiriliş netijeliligini 50 göterimden gowrak artdyrdy.

Özüniň amatly geografiki ýerleşişi, netijeli düzgünleri hem-de mümkinçilikleri bilen Horgos porty Merkezi Aziýa gönükdirilen iri söwda-logistika merkezine öwrülmek ugrunda işlerini güýçlendirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026