HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gonkongda hereket edýän halkara guramalary onuň abraýyny artdyrýar

Dekabr 30, 2025 | 09:55 |4615
Çeşme: orient.tm

Gonkongda Hususy hukugy bitewileşdirmek boýunça Halkara institutynyň Aziýa-Ýuwaş umman şahamçasynyň döredilmegi şähere bildirilýän uly ynamyň subutnamasydyr diýip, Gonkong ýörite dolandyryş hökümetiniň hukuk meseleleri boýunça sekretary Pol Lam belledi.

Bu edaranyň işe girizilmegine 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda garaşylýar. Şeýlelikde, Hususy hukugy bitewileşdirmek boýunça Halkara instituty özüniň 100 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Rim şäherindäki baş edarasynyň çäginden daşarda sebit derejesindäki edarasyny açar.

Hytaý Ählumumy teleýaýlym torunyň wekili bilen geçirilen söhbetdeşlikde, Pol Lam Gonkonguň halkara hukuk hyzmatlary merkezi hökmündäki ornuny giňeltmekde bu ädimiň örän möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

“Saýlap almaga mümkinçilikleriň köp bolandygyna garamazdan, ahyrky netijede bu edarany Gonkongda açmak kararyna geldiler. Bu bolsa Gonkonga örän uly ynam bildirilmegidir. Aziýa-Ýuwaş umman sebit edarasyny döretmek baradaky karar hyzmatdaşlygymyzyň derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ädim bolup, Gonkonguň halkara hukuk hyzmatlary merkezi hökmünde abraýyny ýokarlandyrmakda wajyp ähmiýete eýedir,” diýip, Pol Lam belledi.

Häzirki wagtda Gonkongda Hususy halkara hukugy boýunça Gaaga Konferensiýasynyň Aziýa-Ýuwaş ummanynyň sebitleýin edarasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara Söwda Hukuklary boýunça Topary bilen hyzmatdaşlyk boýunça Adalat ministrliginiň taslama edarasy ýerleşýär.

Mundan başga-da, Araçylyk boýunça halkara guramanyň baş edarasy hem bu şäherde ýerleşýär.

“Bu wakanyň täsiri örän ulydyr. Biz Gonkonguň abraýyny mundan beýläk hem artdyrmak isleýäris. Bu öňegidişlik biziň hukuk hyzmatlarymyzdan peýdalanmak maksady bilen adamlaryň Gonkonga gelmekligini höweslendirer” diýip, Pol Lam sözüniň üstüni ýetirdi.

Hususy hukugy bitewileşdirmek boýunça Halkara Instituty halkara söwda bilen baglanyşykly ugurlar boýunça, hususan-da, hususy we täjirçilik hukuklaryny ýurtlaryň arasynda sazlaşdyrmagy maksat edinýän halkara derejesindäki hökümetara guramadyr. Aziýa-Ýuwaş ummanynyň sebitleýin edarasynyň geljekki ýylda Gonkongda açylmagy bilen, Pol Lam bu ädimiň şäheriň sebit derejesinde hukuk hyzmatlary we jedelleri çözmek boýunça merkez hökmünde ornuny has-da berkitjekdigine ynanýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026