HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Belawia» awiakompaniýasynyň awiabiletleri 2026-njy ýylyň oktýabryna çenli Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda elýeterlidir

Dekabr 22, 2025 | 17:07 |13609
«Belawia» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň oktýabryna çenli meýilleşdirilen uçuşlar üçin awiabiletleriň satuwynyň açylandygy barada habar berdi«Belawia» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň oktýabryna çenli meýilleşdirilen uçuşlar üçin awiabiletleriň satuwynyň açylandygy barada habar berdi
Çeşme: «Belawia» awiakompaniýasy

«Belawia» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň oktýabryna çenli meýilleşdirilen uçuşlar üçin awiabiletleriň satuwynyň açylandygy barada habar berdi. Awiabiletleri Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda resmi satuw nokatlary arkaly satyn alyp bolýar.

Ýolagçylara, esasan-da, ýokary islegli döwürlerde — okuw ýylynyň başlanýan wagtynda hem-de Belarus Respublikasynyň şypahanalarynda sagaldyş möwsüminde — saparlaryny öňünden meýilleşdirmek maslahat berilýär. Awiabiletleri ir satyn almak amatly seneleri we uçuş wagtyny saýlamaga, şeýle-de has rahat uçuş şertlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

«Belawia» awiakompaniýasynyň ähli awiabilet satuw nokatlarynda aşakdaky hyzmatlar elýeterlidir:

• awiakompaniýanyň ähli uçuşlary we ugurlary boýunça awiabiletleri öňünden sargyt etmek we resmileşdirmek;

• göni we gatnawly (üstaşyr) uçuşlar üçin awiabiletleri satyn almak;

• uçuş senesini we ugruny üýtgetmek.

Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça «Belawia» awiakompaniýasynyň yzygiderli uçuşlary hepdede iki gezek — çarşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar. Minsk — Türkmenbaşy ugurly yzyna uçuşlar 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli sişenbe we ýekşenbe günleri, aprel — oktýabr aýlary aralygynda bolsa sişenbe we şenbe günleri ýerine ýetirilýär.

Belarus awiakompaniýasynyň awiabiletlerini diňe Aşgabatda däl, eýsem «Türkmenhowaýollary» Döwlet gullugynyň welaýat bölümlerinde hem satyn alyp bolýar.

Maglumat — maslahat gullugy

Telefonlar:

(+993 12) 21-04-36

(+99365) 64-16-61, (+99365) 09-28-85

Aşgabat ş., Garaşsyzlyk köçesi 76

E-mail: nabat.atayeva@tpstravel.co

Satuw nokatlary

• Aşgabat ş., Garaşsyzlyk köçesi 76 (Olimp ýaşaýyş jaýy, 1-nji gat); maglumat üçin telefon: +993 12 210436;

• Aşgabat ş., Gurbansoltan eje şaýoly, 530 jaýy; maglumat üçin telefon: +993 61080000;

• Aşgabat ş., 15-nji tapgyr, S. Seýdi köçesi, 27 jaýy, «Dürdäne» Söwda Merkezi, 3-nji gat; maglumat üçin telefonlar: +993 71291144, +993 71291166;

• Aşgabat ş., «Türkmenhowaýollary» Döwlet gullugynyň Baş howa habarlar agentligi, Oguzhan köçesi, 211; maglumat üçin telefon: +993 12 391717;

• Türkmenbaşy ş., «Türkmenhowaýollary» Döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara howa menzili, Awaza etraby, awiaşäherçesi; maglumat üçin telefon: +993 243 30025;

• Türkmenbaşy ş., Bahry-Hazar köçesi, «Çarlak» myhmanhanasy, 1-nji gat;

• Balkanabat ş., «Türkmenhowaýollary» Döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara howa menzili, Beýik Ýüpek ýoly şaýoly, awtomenzil; maglumat üçin telefon: +993 222 70960;

• Daşoguz ş., «Türkmenhowaýollary» Döwlet gullugynyň Daşoguz Halkara howa menzili, Magtymguly şaýoly, 12-nji jaýy, awtomenzil; maglumat üçin telefon: +993 332 91221;

• Türkmenabat ş., «Türkmenhowaýollary» Döwlet gullugynyň Türkmenabat Halkara howa menzili, Bagtyýarlyk köçesiniň ugrunda; maglumat üçin telefon: +993 422 94600;

• Türkmenabat ş., Magtymguly Pyragy şaýoly, 115A jaý, awtomenzil;

• Kerki ş., «Türkmenhowaýollary» Döwlet gullugynyň Kerki Halkara howa menzili; maglumat üçin telefon: +993 444 25999;

• Mary ş., «Türkmenhowaýollary» Döwlet gullugynyň Mary Halkara howa menzili, Gökje ýaşaýyş toplumy, Şajahan köçesi, 1«A» jaý;

• Mary ş., «Türkmenhowaýollary» Döwlet gullugynyň Mary Halkara howa menzili, Täze awtostansiýa, Altyn Asyr aýlaw ýoly, 74; maglumat üçin telefon: +993 522 52777.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026