HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýapon – türkmen parlamentara dostluk topary – täze ykdysady taslamalaryň hukuk köprüsi

Dekabr 19, 2025 | 23:08 |9266
Prezident Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň dowamynda Tokioda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň “hukuk binýadyny” döretmekde kanun çykaryjylaryň aýratyn ornuny nygtadyPrezident Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň dowamynda Tokioda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň “hukuk binýadyny” döretmekde kanun çykaryjylaryň aýratyn ornuny nygtady
Çeşme: x.com/team_toshiaki

TOKIO, 19-njy dekabr | ORIENT. Prezident Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň dowamynda Tokioda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň “hukuk binýadyny” döretmekde kanun çykaryjylaryň aýratyn ornuny nygtady. Taraplar häzirki wagtda parlament hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin maýa goýum başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin ygtybarly şert bolup hyzmat edýändigini tassykladylar.

Endo Toşiaki Aşgabat bilen Tokiony ýakynlaşdyrmaga bahasyna ýetip bolmajak goşan goşandy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur minnetdarlygy bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Aşgabatda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” parlamentara forumyny geçirmek barada öňe süren başlangyjynyň ähmiýetine üns çekildi. Bu meýdança parahatçylygyň we özara düşünişmegiň güýçli guralyna öwrülmäge gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, kanunçylyk goldawy we dostluk toparlary ýapon kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky işine gönüden-göni ýardam edip, şertnamalaryň aýdyňlygyny hem-de uzak möhletleýindigini üpjün edýär.

Endo Toşiaki şeýle hem “EKSPO — 2025”-de Türkmenistanyň milli pawilýonynyň üstünligine haýran galýandygyny mälin etdi we onuň ýurduň “wizitka kartyna” öwrülendigini, ýapon jemgyýetçiliginde we halkara bilermenlerinde uly gyzyklanma döredendigini nygtady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026