HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

e.gov.tm portalynda boý we agram onlaýn hasaplaýjysy elýeterlidir

Dekabr 18, 2025 | 17:05 |16161
Häzirki wagtda adamyň boýy bilen beden agramynyň arabaglanyşygyny birnäçe minudyň dowamynda onlaýn görnüşde kesgitlemek mümkindir.Häzirki wagtda adamyň boýy bilen beden agramynyň arabaglanyşygyny birnäçe minudyň dowamynda onlaýn görnüşde kesgitlemek mümkindir.
Çeşme: gkb81.ru

Häzirki wagtda adamyň boýy bilen beden agramynyň arabaglanyşygyny birnäçe minudyň dowamynda onlaýn görnüşde kesgitlemek mümkindir. e.gov.tm Döwlet hyzmatlarynyň elektron portalynyň «Saglygy goraýyş ulgamy» bölüminde ýerleşdirilen «Boý we agram hasaplaýjysy» atly sanly hyzmat işlemegini dowam etdirýär.

Bu hyzmat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan işlenip düzülip, ulanyjylara hödürlenýär. Ol girizilen maglumatlaryň esasynda beden agramynyň indeksini (BAI) özbaşdak hasaplamaga mümkinçilik berýär. Hasaplamanyň netijesine görä, ulgam görkezijini lukmançylyk taýdan kabul edilen klassifikasiýa laýyklykda — agramyň ýetmezçiliginden başlap, semizligiň dürli derejelerine çenli — degişli kategoriýa bölýär.

Onlaýn hasaplaýjydan peýdalanmak üçin hasaba alynmak talap edilmeýär. Boýy (santimetr bilen) we agramy (kilogram bilen) girizip, «Hasapla» düwmesine basmak ýeterlikdir. Netije dessine görkezilýär.

Bu sanly gural e.gov.tm portalynyň giňden ulanylýan hyzmatlarynyň biri bolmagynda galyp, ilatyň saglygynyň esasy görkezijileri barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de elektron lukmançylyk hyzmatlarynyň ösdürilmegine ýardam edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026