HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

Awgust 15, 2026 | 22:17 |9503
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we Syýahat» žurnaly ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen içerki syýahatçylyk gezelençlerini guraýarTürkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we Syýahat» žurnaly ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen içerki syýahatçylyk gezelençlerini guraýar
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we Syýahat» žurnaly ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen içerki syýahatçylyk gezelençlerini guraýar.

Nobatdaky ugur 2026-njy ýylyň 19–20-nji awgustynda geçirilip, Gadymy Merwiň taryhy ýadygärliklerine bagyşlanar. Syýahat otly bilen amala aşyrylar we gatnaşyjylara Türkmenistanyň iň möhüm gadymy şäherleriniň biriniň taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.

Guralýan syýahatlaryň çäginde syýahatçylara «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärliklere, Köýtendagyň jülgelerine we ýurdumyzyň beýleki gyzykly syýahatçylyk ugurlaryna gezelençler hem hödürlenýär.

Syýahatlary guramak üçin syýahatçylary demir ýol we awtoulag ulaglary arkaly gatnatmak hyzmatlary göz öňünde tutulýar.

Goşmaça maglumat üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 44-01-40, (+99363)27-66-74.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026