HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerine awtoulaglar we pul baýraklary gowşuryldy

Dekabr 16, 2025 | 15:05 |8062
Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda dünýä derejesinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdyDüýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda dünýä derejesinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdy
Çeşme: tdh.gov.tm

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda dünýä derejesinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdy.

Sylaglary gowşurmak bilen bagly Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, dünýä derejeli sport ýaryşlarynda altyn medala mynasyp bolan türgenler we olaryň tälimçileri 2025-nji ýylda goýberilen «Toyoto Camry» kysymly ýeňil awtoulagy, kümüş medala mynasyp bolan türgenler 70 müň manat, bürünç medala mynasyp bolan türgenler 40 müň manat, dünýä derejeli ýaryşlarda kümüş we bürünç medala eýe bolan türgenleri taýýarlan tälimçiler bolsa 70 müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglandy.

Ýaşlaryň dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda gazanan uly üstünlikleri hem-de olaryň halypa mugallymlarynyň bitiren hyzmatlary nazara alnyp, dünýä derejeli olimpiadalarda ikinji orna we kümüş medala mynasyp bolan okuwçylar 70 müň manat, üçünji orna we bürünç medala mynasyp bolan okuwçylar 40 müň manat, birinji orna we altyn medala mynasyp bolan talyplar 100 müň manat, ikinji orna we kümüş medala mynasyp bolan talyplar 70 müň manat, üçünji orna we bürünç medala mynasyp bolan talyplar 40 müň manat, dünýä derejeli olimpiadalarda ýokary netijeleri gazanan okuwçylary, talyplary taýýarlan mugallymlar 100 müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026