HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary

Dekabr 13, 2025 | 00:05 |6258
Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýly halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary aýratyn ähmiýete eýe boldyŞu günler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýly halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary aýratyn ähmiýete eýe boldy
Çeşme: KHBS

Aşgabat, 12-nji dekabr | ORIENT. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk gününi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen dabaralar giň halkara dialogy üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýly halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Konstruktiw we ynanyşmak ýagdaýynda geçen pikir alyşmalar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň durnuklylygyň esasy şerti hökmünde ähmiýetini tassyklady şeýle hem sebitleýin we ählumumy ölçeglerde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitledi.

Türkmenistan we ŞHG: özara hormata esaslanýan dialog

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşykda ŞHG-nyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ýokary baha berýändigi nygtaldy. Myhman Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny we Aşgabadyň sebit proseslerindäki konstruktiw ornunyň ähmiýetiniň subutnamasy bolup hyzmat edýändigini belledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemişelik Bitaraplyk syýasaty Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygyny we döwletleriň arasyndaky ynamy pugtalandyrmaga goşant goşýandygyny belledi. ŞHG-nyň agza ýurtlary bilen özara gatnaşyklar Bitarap Türkmenistanyň halkara işinde möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň guramanyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşmagy deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda hyzmatdaşlyga umumy ygrarlylygyny görkezýär. Taraplar Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen dialogyň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine, hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýagdaýynyň pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Ykdysady mümkinçilikler: YHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han bilen söhbetdeşligiň dowamynda ykdysadyýet, ulag, energetika we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman Aşgabatda guralan Halkara forumynyň aýratyn ähmiýetini belläp, onuň geçirilmeginiň Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine berk ygrarlylygyny tassyklaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy YHG-nyň Baş sekretaryny mähirli mübärekläp, Guramanyň çäklerinde geçirilen möhüm çäreleri, şol sanda şu ýylyň aprelinde Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny belledi. Bu forum sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşant boldy.

Tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan we geografik taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we täze üstaşyr geçelgelerini döredýän taslamalara gatnaşmak babatda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda amaly başlangyçlara açyklyk we tutuş sebitiň durnukly ösüşine ýardam berýän çözgütleri işläp düzmäge ygrarlylyk nygtaldy.

Ynsanperwer we medeni gatnaşyklary berkitmek

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malikiň arasynda geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň möhüm subutnamasy boldy. Myhman Türkmenistanda milli medeni mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi we onuň yslam dünýäsi we halkara medeni giňişligi üçin ähmiýetini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereketleriň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady. Türkmen halkynyň baý taryhy, ruhy däp-dessurlary we medeni gymmatlyklary hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin berk binýady döredýär. Söhbetdeşligiň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň halklary birleşdirýän köpri bolup hyzmat edip biljekdigi şeýle hem medeniýetara dialogy we özara düşünişmegi höweslendirip biljekdigi bellenildi.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen halkara guramalarynyň ýolabaşçylarynyň arasynda geçirilen Aşgabatdaky duşuşyklary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň parahatçylygy goldamak we halkara gatnaşyklaryny berkitmek üçin netijeli guraldygyny tassyklady.

Üç duşuşyk hem ynam we özara hormat goýmak ýagdaýynda geçirilip, taraplaryň amaly hyzmatdaşlyga we täze başlangyçlary işläp düzmäge bolan islegi nygtaldy. Söhbetdeşlikleriň ahyrynda aýdylan mähirli arzuwlar durnukly we parahatçylykly ösüş ýolunda öňe gitmäge bolan umumy ygrarlylygy görkezdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026