HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Midea Miro U döredýär: önümçilikde netijeliligi 30% ýokarlandyryp biljek alty elli robot

Dekabr 09, 2025 | 14:45 |6610
Hytaýyň Midea Group kompaniýasy senagat awtomatizasiýasy üçin özüniň Miro U täsin robotyny tanyşdyrdyHytaýyň Midea Group kompaniýasy senagat awtomatizasiýasy üçin özüniň Miro U täsin robotyny tanyşdyrdy
Çeşme: humanoidsdaily.com

Hytaýyň Midea Group kompaniýasy senagat awtomatizasiýasy üçin özüniň Miro U täsin robotyny tanyşdyrdy. Robot alty manipulýator bilen enjamlaşdyrylan hem-de tekerli platformada hereket edýär. Bu mümkinçilik oňa adam fiziologiýasyna mahsus çäklendirmeleri ýeňip geçmäge kömek edýär. Öndürijiler Miro U-ny manipulýasiýa boýunça netijeliligi ýokarlandyrmak üçin döredilen «ýokary derejede adama meňzedilen» robot diýip atlandyrýarlar.

Miro U-nyň esasy artykmaçlygy onuň köp wezipeli işläp bilmegi hem-de şol bir wagtyň özünde birnäçe amallary ýerine ýetirip bilmegidir. Goşmaça el ulgamynyň kömegi bilen robot birnäçe işi bir wagtda ýerine ýetirip bilýär, şol bir wagtyň özünde aşaky elleri arkaly ýükleri saklap bilýär. Alty elli gurluş iş guralynyň çalşylmagyna gönükdirilen amallary hem ep-esli çaltlandyrýar.

Tekerli binýadanyň bolmagy robotyň 360° erkin aýlanmagyna mümkinçilik berýär. Bu bolsa ony çäklendirilen senagat giňişliklerinde işlemek üçin ajaýyp enjam edýär.

Midea-nyň hasaplamalaryna görä, käbir önümçilik amallarynda Miro U adaty usullara garanyňda netijeliligi 30% ýokarlandyrmaly.

Miro U-nyň synag esasynda ulanylyşy şu aýyň ahyrynda Midea Group-yň kir ýuwujy maşynlary ýygnalýan Hytaýdaky kärhanasynda başlanar. Şol bir wagtda kompaniýa ammarlar hem-de dükanlar üçin adam bedenine has meňzeş gurluşly Meila hyzmat robotlaryny hem ösdürýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

20:20 Iýul 27, 2026
Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

20:15 Iýul 27, 2026
Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

20:10 Iýul 27, 2026