Bitaraplyk -abadançylygyň ýoly


Bitaraplyk taglymaty – dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Parahatçylygy we durnuklylygy saklaýan türkmen döwletimiz ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrýar we senagat, ylym-bilim, ulag-kommunikasiýa, medeniýet we beýleki ulgamlaryň ählisi boýunça çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine daýanmak arkaly, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.
Bitaraplyk güni Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp seneleriň biridir. Ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk ýörelgesi gadymy ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgeleriniň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy üçin uly mümkinçilikleri döretdi.
Bitaraplyk türkmen döwletiniň ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki ýokary derejä eýe bolmagyna uly goldaw berdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen döwletiniň işjeň ýagdaýda ýöredýän daşary syýasatdaky ugry tutuş adamzat tarapyndan oňlanylýar.
Parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülen Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ençeme abraýly halkara guramalar bilen bilelikde uly forumlaryň we wajyp ähmiýetli duşuşyklaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen gymmatly düşünjeler bolup, olar häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda türkmen halkynyň sungatynyň dili bilen, adamzady parahatçylyga çagyrýan nusgawy eserleri barada giňişleýin düşünje berilýär. Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem halkymyzyň baý taryhyny, şu günümiziň üstünliklerini, ynsanperwer ýörelgelerini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup durýar.
Biz ýaşlar döwrümiziň belent sepgitlerinden, hormatly Prezidentimiziň asylly işlerinden ruhlanyp, Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk çagyryşlaryny kalbymyzda göterýäris.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ýurdumyzyň bagtyýar halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys.
Goý, bütin adamzadyň abadan durmuşyna gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrundaky tagallalary rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hünärmeni, Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Almagül Geldiýewa








