HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat bilen Baku ynsanperwer gaznalary arkaly dialogy ösdürýärler: Ähtnama gol çekildi

Dekabr 09, 2025 | 23:50 |7121
9-njy dekabrda Awazada türkmen-azerbaýjan ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen duşuşyk boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen gepleşikleri geçirdi.9-njy dekabrda Awazada türkmen-azerbaýjan ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen duşuşyk boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen gepleşikleri geçirdi.
Çeşme: day.az

9-njy dekabrda Awazada türkmen-azerbaýjan ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen duşuşyk boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň netijesinde iki gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Taraplar çagalaryň saglygyny goraýyş ulgamynda dialogy işjeňleşdirmegiň, tejribe alyşmagyň we iki halkyň asylly däp-dessurlaryna laýyklykda haýyr-sahawat işini ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

fond-turkmenistan-azerbaydzhan-memorandum.jpg

Oguljahan Atabaýewa medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýändigini nygtady. Leýla Aliýewa hem öz gezeginde zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna bagyşlanan halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Awazadaky şahamçasynyň açylmagynyň ähmiýetine ýokary baha berdi.

Taraplar ýola goýlan netijeli dialogyň çagalaryň bähbidine mundan beýläk-de işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026