HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awtoyoly Group bölekleýin söwda torunyň menejeri üçin iş ornuny yglan edýär

Dekabr 10, 2025 | 16:40 |7293
Awtoyoly Group köpugurly holdingi bölekleýin söwda, hyzmatlar we infrastruktura ugurlaryny giňeldip, döwrebap hyzmat standartlaryny döretmegi we iş netijeliligini ýokarlandyrmagy dowam etdirýärAwtoyoly Group köpugurly holdingi bölekleýin söwda, hyzmatlar we infrastruktura ugurlaryny giňeldip, döwrebap hyzmat standartlaryny döretmegi we iş netijeliligini ýokarlandyrmagy dowam etdirýär
Çeşme: tegrastav.ru

Awtoyoly Group köpugurly holdingi bölekleýin söwda, hyzmatlar we infrastruktura ugurlaryny giňeldip, döwrebap hyzmat standartlaryny döretmegi we iş netijeliligini ýokarlandyrmagy dowam etdirýär. Kärhana hünärmen toparlary we döwrebap dolandyryş çemeleşmelerini birleşdirip, durnukly ösüşi we ýokary hilli hyzmaty üpjün edýär.

Bölekleýin söwda ugruny berkitmek maksady bilen Awtoyoly Group tor dolandyryjysyny gözleýär. Bu hünärmen ähli dükanda iş standartlarynyň utgaşykly ýerine ýetirilişini üpjün etmeli. Işgär dinamiki bölekleýin söwda gurşawynda işlemeli, hyzmat hilini gözegçilikde saklamaly, iş proseslerini kämilleşdirmeli we söwda nokatlarynda netijeli aragatnaşygy üpjün etmeli bolar.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

Amaly pikirlenme, ünsli we ýokary derejede özbaşdak bolmaly

Yzygiderli saparlar üçin taýýar bolmaly

Täze dükany işe girizmekde gurluşyk bilimi artykmaçlyk hasaplanylýar

Borçlar:

Bölekleýin söwda torunyň amallaryny utgaşdyrmak

Hyzmat standartlaryna, ekspozisiýa we hyzmat hiline gözegçilik etmek

Täze dükanlary açmak we işe girizmek

Meýdan gözegçiligi we söwda nokatlarynyň auditini geçirmek

Haryt dolanyşygy, galyndy we satuw dinamikasyny seljerme

Çylşyrymly ýagdaýlary çözmek we müşderi hem-de işgär teswirleri bilen işlemek

Söwda nokatlarynyň işgärlerini saýlamak, integrirlemek we ösdürmek

Tor boýunça standartlary, prosesleri we kämilleşdirmeleri ornaşdyrmak

Degişli gulluklar bilen hyzmatdaşlykda meýilnamalaşdyrylyşy we iş zolaklaryny optimizirlemäge gatnaşmak

Içerki toparlar we potratçylar bilen aragatnaşyk

Talaplar:

Erkek, 35–45 ýaş aralygy

Rus we türkmen dillerinde erkin bilmek

Analitik pikirlenme

Gurluşyk işiniň esasy düşünjelerine düşünmek isleýänler üçin artykmaçlyk

Bölekleýin söwda toruny dolandyrmakda 2–3 ýyl iş tejribesi

Esasy satuw proseslerini bilmek: haryt dolanyşygy, ekspozisiýa, hyzmat, galyndy gözegçiligi

Täze dükanlary açmak ýa-da bar bolan tory optimizirlemekde tejribe

Hyzmat standartlaryny we merchandizing standartlaryny ornaşdyrmak başarnygy

Toparlary saýlamak, uýgunlaşdyrmak we ösdürmek tejribesi

Gapma-garşylykly ýagdaýlary çözmek we teswirler bilen işlemek başarnygy

Meýdan şertlerde özbaşdak çözgütleri kabul edip bilmek

Işe ulgamlaýyn we gurluşlaýyn çemeleşme

Aragatnaşyk çeýeligi we tor standartlaryny saklamak başarnygy

Yzygiderli saparlara taýýar bolmak

Çalt iş depginine we köp işiň üstünde işlemegi başarmak

Iş şertleri:

Holding edara binasy Obýezdnoý köçesinde ýerleşýär

Günortanlyk nahary girizilen

Iş tertibi we görnüşi soňky söhbetdeşlik tapgyrynda ara alnyp maslahatlaşylar

Aýlyk haky — tejribä we hünär derejesine baglylykda ara alnyp maslahatlaşylar

Näme hödürleýäris:

Ösüp barýan Awtoyoly Group satuw torunda işlemek

Prosesleriň hiline we dükanlaryň netijeliligine täsir etmek mümkinçiligi

Döwrebap korporatiw gurşawy we ulgamlaýyn dolandyryş çemeleşmesi

Hünär ösüşi, kämilleşme we okuw

Ýurt boýunça saparlar we dinamik iş formaty

Arza bermek üçin:

Arza bermek üçin aşakdaky formany doldurmak gerek: https://forms.gle/TSrtHAPXqoXQyeaf7

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026