HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Iýul 28, 2026 | 19:59 |4301
2027-nji ýylyň 5–7-nji apreli aralygynda Londonda azyk pudagynyň iri halkara sergileri — IFE 2027 we IFE Manufacturing 2027 geçiriler2027-nji ýylyň 5–7-nji apreli aralygynda Londonda azyk pudagynyň iri halkara sergileri — IFE 2027 we IFE Manufacturing 2027 geçiriler
Çeşme: eurotravelo.com

2027-nji ýylyň 5–7-nji apreli aralygynda Londonda azyk pudagynyň iri halkara sergileri — IFE 2027 we IFE Manufacturing 2027 geçiriler. Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy türkmen önüm öndürijilerini we eksport edijilerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrýar.

IFE sergisi iýmit önümlerini we içgileri tanyşdyrmak üçin dünýäniň iň uly platformalarynyň biridir. Forumyň 105 ýurtdan 25 müňden gowrak hünärmeni we alyjyny jemlejekdigine garaşylýar.

Çärä gatnaşmak türkmen kompaniýalaryna «Made in Turkmenistan» brendi astyndaky önümleri Beýik Britaniýanyň we Ýewropanyň lomaý alyjylaryna, söwda ulgamlaryna hem-de distribýutorlaryna görkezmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanyň bitewi milli pawilýonyny döretmek mümkinçiligine aýratyn üns berilýär.

Şonuň bilen birlikde, önümçilik tehnologiýalaryna, gaýtadan işleýişe, häzirki zaman gaplama çözgütlerine, enjamlara we halkara hil standartlaryna bagyşlanan IFE Manufacturing 2027 sergisi hem bolar.

Çäre kärhanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak, tejribe alyşmak we täze daşary bazarlara çykmak üçin amaly meýdança bolar.

Giňişleýin maglumatlary www.ife.co.uk we www.ifemanufacturing.co.uk resmi web sahypalaryndan alyp bilersiňiz.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026