HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kalplar bile sazlaşanda: Maryda ruhlandyryjy inklýuziw konserti geçirildi

Dekabr 08, 2025 | 21:45 |6827
7-nji dekabrda Mary şäherinde hakykatdan-da mähirlikden doly we ruhlandyryjy çäre — dürli nesilleri we mümkinçilikleri bolan adamlary bir sahnada birleşdiren “Ýürekden – From the Heart” atly inklýuziw konserti geçirildi. Bu çärede çagalar, ýaşlar, pensionerler, maýyplar hem-de meýletinçiler bir sahnada çykyş etdiler7-nji dekabrda Mary şäherinde hakykatdan-da mähirlikden doly we ruhlandyryjy çäre — dürli nesilleri we mümkinçilikleri bolan adamlary bir sahnada birleşdiren “Ýürekden – From the Heart” atly inklýuziw konserti geçirildi. Bu çärede çagalar, ýaşlar, pensionerler, maýyplar hem-de meýletinçiler bir sahnada çykyş etdiler
Çeşme: Däp-Dessur

7-nji dekabrda Mary şäherinde hakykatdan-da mähirlikden doly we ruhlandyryjy çäre — dürli nesilleri we mümkinçilikleri bolan adamlary bir sahnada birleşdiren “Ýürekden – From the Heart” atly inklýuziw konserti geçirildi. Bu çärede çagalar, ýaşlar, pensionerler, maýyplar hem-de meýletinçiler bir sahnada çykyş etdiler.

Çäräniň guramaçysy — jemgyýetçilik we medeni taslamalary amala aşyrýan «Däp-Dessur» Hojalyk jemgyýeti bolup, oňa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat şahamçasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Çagalar gaznasynyň goldaw berdiler.

mary-inklyuzivnyy-kontsert (1).jpg

Konsertiň maksady — açyk inklýuziw giňişligi döretmek we dürli ugurlardaky zehinleri goldamak boldy. Agşamky dabarany açmak bilen, «Däp-Dessur» HJ-niň direktory Şirin Jojyýewa çäräniň emosional täsirini belledi:

«Bu gün sahnada ýüreginde mähir, zehin we batyrlyk saklaýan adamlar çykyş edýär. Her bir çykyş — kiçijik ýeňiş, kiçijik gudrat, ýürege barýan kiçijik bir hekaýa».

mary-inklyuzivnyy-kontsert (3).jpg

Agşamky maksatnama şol köpdürlüligi doly açyp görkezdi: çagalaryň we milli aýdym-saz çykyşlary boldy, Mary şäherindäki Sagaldyş-okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlary we okuwçylary çykyş etdiler, «Däp-Dessur» HJ-niň Işjeň pensionerler gurnagynyň agzalary tans kompozisiýasyny görkezdi, Baýramaly şäheriniň Maýyplaryň bedenterbiýe we sport gurnagynyň gatnaşyjylary bolsa teatrlaşdyrylan sahna bilen çykyş etdiler.

mary-inklyuzivnyy-kontsert (4).jpg

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary şahamçasynyň meýletinçileri birnäçe aýdym-saz eserini ýerine ýetirdiler — olaryň arasynda sazandalaryň dueti we hemmeleriň ýüregine ýeten «Прекрасное далеко» aýdymy hem bardy.

«Biz sahnada çykyş edemizde, bizi diňleýändiklerini we görýändiklerini duýýarys. Bu bolsa bize öňe gitmäge güýç we ylham berýär» - diýip, Baýramalydan gelen gatnaşyjy öz duýgulary bilen paýlaşdy.

mary-inklyuzivnyy-kontsert (5).jpg

Agşamky çäräniň aýratyn pursatlarynyň biri — gatnaşyjy zenanlar tarapyndan taýýarlanan uly nagyşly gurnama panno — gurama boldy. Zala gelýänleriň her biri ýörite taýýarlanan “ýürekde” öz nyşanyny goýup bilerdi. Şeýlelikde, bu eser ähli gatnaşyjylary ýakynlaşdyran bitewi döredijilik eserine öwrüldi.

mary-inklyuzivnyy-kontsert (7).jpg

Şeýle hem gatnaşyjylaryň öz elleri bilen ýasan önümleriniň kiçi sergisi guraldy. Bu sergi olaryň şahsy aýratynlyklaryny, ussatlygyny we ruhy ýagtylygyny açyp görkezdi.

Konsert hemmeleriň bilelikde «Arkadagly Serdarym» aýdymy ýerine ýetirmegi we gatnaşyjylar hem-de myhmanlar bilen ýadygärlik surata düşülmegi bilen tamamlandy.

mary-inklyuzivnyy-kontsert (12).jpg

Bu çäre guramaçy «Däp-Dessur» Hojalyk jemgyýetiniň işindäki ýene bir üstünlikli ädim boldy. Gurama inklýuziw tejribeleri ilerletmek, ilatyň ejiz goragly toparlaryny goldamak we medeni mirasy gorap saklamak bilen meşgullanýar. Şeýle jemgyýetçilik we medeni başlangyçlar jemgyýetçilik aragatnaşyklaryny berkitmäge, meýletinçiligi ösdürmäge hem-de mähir we medeni bitewilik gymmatlyklaryny wagyz etmäge gönükdirilendir.

mary-inklyuzivnyy-kontsert (16).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026