Aşgabatdaky Fransuz institutynda çagalar horunyň Täze ýyl konserti


Aşgabatda MLF fransuz mekdebiniň we Türkmenistandaky Fransuz institutynyň birleşen çagalar horunyň Täze ýyl konserti geçirildi.
Bu iki edaranyň döredijilik hyzmatdaşlygy indi däbe öwrülip, olar bilelikde gyzykly taslamalary amala aşyrýarlar. Mysal üçin, MLF mekdebi bilen Fransuz institutynyň hyzmatdaşlygynda geçen «Uly ýuwuşlyk» diýen çäre Aşgabadyň ýaşaýjylarynda ýakymly täsir galdyrdy.
Fransuz mekdebiniň hory köp ýyldan bäri hereket edip, ýokary derejede çykyş edýär. Fransuz institutynyň döredijilik topary bolsa bary-ýogy bir aý mundan ozal fransuz dili kurslaryna gatnaýan aşgabatly çagalaryň gatnaşmagynda döredildi. Bu topar Institutda döredilen ilkinji hor studiýasy bolup, olaryň ilkinji maksatnamasy örän batyrgaý boldy: okuwlar başlanandan bary-ýogy bir aý geçenden soň konsert bermek.

Taýýarlyk güýçli depginde geçdi. Ýaş aýdymçylar dynç günleri-de irden turup taýýarlyga gelmeli, fransuz dilindäki aýdymlary ýatdan öwrenmeli, täze aýdym-saz düşünjeleri bilen tanyşmaly hem-de ses dolandyrmagyň usullaryny özleşdirmeli boldy. Kynçylyklara garamazdan, hiç kim yza çekilmedi.
Bu täze işe girişen türkmen deň-duşlarynyň paýhasly synanyşygyny eşidip, MLF mekdebiniň fransuz hory olary goldamaga karar berdi we bilelikde çykyş etmegi teklip etdi. Munuň üçin iki topar birmeňzeş Täze ýyl hem-de meşhur fransuz aýdymlaryny öwrenmeli boldy.
Taýýarlanan konsertiň repertuary ýetip gelýän baýramçylyk döwrüne görä saýlanyldy – oňa Täze ýyl we meşhur fransuz aýdymlary girizildi. Iki topar hem örän höweslidi. Çagalara mahsus ownuk wakalar bolandygyna garamazdan, beýle ýagdaýlar taýýarlyk işlerine gatnaşmaga ýa-da baýramçylyk sahnasyna çykmaga päsgel bermedi.
Mysal üçin, iki solistden biri konsertiň öňüsyrasynda keselledi we wagtlaýyn sesini ýitirdi. Emma ol şonda-da taýýarlyklardan galmady, sesi bolmasa-da sahna çykyp, mikrofony elinde saklap durýardy. Has kyn ýagdaýlar hem boldy: iki hor ýerine ýetirijisi öýleriniň ýanynda oýnap ýörkä ýaralandy. Bu wakalar hem çykyşdan bary-ýogy birnäçe gün ozal bolupdy.

Konsert güni Fransuz institutynyň meýdançasy baýramçylyk ýarmarkasyna öwrüldi. Ýerli ussatlar täze ýyl sowgatlaryny we gaplanylýan bezeg şaýlaryny – arça bezeglerini, nagyş oýulan oýnawaçlary, baýramçylyk halkalaryny we beýleki bezeg önümlerini hödürlediler. Olaryň käbiri türkmen nagyşlary bilen bezelipdir. Bu sergi täsin baýramçylyk we erteki gurşawyny döretdi.

Çykyş başlanda Institutyň rahat zaly adamdan doludy. Hatda ýarmarkadaky ussatlar hem ýerlerini goýup, içeri seretmäge gyzykdylar. Institutyň horunda çykyş edýän ýaş aýdymçylar ak egin-eşiklerde arçanyň ýanynda ýerleşipdirler. Ahyrynda MLF mekdebiniň hor topary hem awtobusda geldi. Iki topar bir ýere jemlenip, çagalar ilkinji gezek biri-biri bilen tanyşdylar.
Fransuz institutynyň direktory Wensan Lorenzini fransuz we türkmen dillerinde gutlag sözüni aýtdy we baýramçylyk başlady.

Çagalaryň mähirli sesleri zalyň içinde baýramçylyk, rahatlyk we ýylylyk duýgusyny döretdi. Tiz tans äheňleri bilen haýal we ýumşak owazly aýdymlary çalşyp alyp baran hor toparlary meşhur fransuz sazlaryny, halk we awtorlyk aýdymlary ýerine ýetirdiler. Uzyn sagatlar dowam eden taýýarlyklar netijesiz bolmady: her bir aýdym joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy, hatda käbir ulular ýaşlaryny gizläp oturdylar.
Täze ýyl konserti tamamlanandan soň, günüň gahrymanlary – MLF mekdebiniň we Fransuz institutynyň horynyň ýerine ýetirijileri üçin süýjülikler, şokoladlar we içgiler taýýarlanyldy. Süýjüliklerden lezzet alyp oturan çagalar biri-biri bilen tanyşdylar, gürrüňdeş boldylar, baýramçylyk baradaky duýgylaryny paýlaşdylar.

Fransuz mekdebiniň horunyň goldaw bermegi we bilelikdäki çykyş arkaly täze hor taslamasy üstünlikli başlady. Fransuz institutynyň horyndaky agzalaryň sany köpeldi. Ene-atalardan çagalaryny hem hora kabul etmegi haýyş edýän jaňlar häzirem gelýär.
Aýna ŞIROWA








