HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy syýasatda zenanlaryň gatnaşygyny berkitmek üçin gender ýerleri ara alyp maslahatlaşýar

Dekabr 09, 2025 | 20:10 |8111
Aşgabatda ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda zenanlaryň gatnaşygyny giňeltmäge bagyşlanan iki günlük okuwlar (8–9-njy dekabr) geçirildiAşgabatda ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda zenanlaryň gatnaşygyny giňeltmäge bagyşlanan iki günlük okuwlar (8–9-njy dekabr) geçirildi
Çeşme: BMG-niň Ösüş Maksatnamasy

Aşgabatda ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda zenanlaryň gatnaşygyny giňeltmäge bagyşlanan iki günlük okuwlar (8–9-njy dekabr) geçirildi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň goldawy bilen guralan bu çärä Merkezi saýlaw toparynyň (MST), ýerli saýlaw toparlarynyň hem-de Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem Agrar partiýasy ýaly syýasy partiýalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň maksady zenanlaryň döwlet dolandyryşyndaky mümkinçiliklerini artdyrmak üçin bar bolan päsgelçilikleri aradan aýyrýan netijeli gural hasaplanýan Wagtlaýyn ýörite çäreleriň, şol sanda kanunçylyk ýerleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy we ornaşdyrylmagyndan ybaratdy. Gatnaşyjylar halkara ekspert bilen bilelikde giň nazary we amaly bilimleri aldylar. Esasy üns «Türkmenistanda wagtlaýyn ýörite çäreleriň girizilmegi boýunça derňew we teklipler» atly taslamanyň maslahatlaşylmagyna gönükdirildi. Bu taslama geljekde kanunçylyk özgertmelerine esas döretmegi maksat edinýär.

cik-turkmenistana-proon-kvoty-gensdernoe-ravenstvo (3).JPG

«Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky Konwensiýa tarapyndan ykrar edilen wagtlaýyn ýörite çäreler zenanlaryň adalatly gatnaşygyny üpjün etmegiň täsirli guralydyr. Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan, ýerleri we dalaşgärleriň ýerleşdirilişi boýunça talaplary girizmek arkaly möhüm netijelere ýetýär» - diýip, BMG Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç belledi.

Bu çäre Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça Milli hereketler Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň hem-de Konwensiýa we Durnukly ösüş maksatlary boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň bir bölegidir.

cik-turkmenistana-proon-kvoty-gensdernoe-ravenstvo (2).JPG

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň demokratik institutlaryny berkitmek, zenanlaryň liderlik ukybyny ösdürmek we milli edaralaryň arasyndaky utgaşdyrmany gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri goldaýar. Bu işler MST bilen bilelikde amala aşyrylýan «Türkmenistanda saýlawlary we sala-salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam bermek» atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde ýerine ýetirilýär.

Ahyrky maksat — ýurtda inklýuziw, wekiliçilikli we gender taýdan duýgur döwlet dolandyryşyny üpjün etmekdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026