HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşdy

Dekabr 09, 2025 | 01:20 |5706
8-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy8-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy
Çeşme: tdh.gov.tm

8-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.

Dialog Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirildi we Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen ýylyň netijelerini jemlemäge bagyşlandy.

Kaha Imnadze BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan alnyp barylýan işleri ilerletmekde ýurduň uly goşandyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde 2025-nji ýylyň aýratyn ýyldygyny belledi — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň gabat gelmegi geçirilýän ähli çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýakyn wagtda Aşgabatda ýokary derejeli halkara forumynyň geçiriljekdigini, bu forumyň ýylyň esasy wakasyna öwrüljekdigini we halkara gün tertibiniň, durnukly ösüşiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Türkmen tarapy halkara bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýan birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürmegini dowam etdirýär: parahatçylygy goldamak we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý sessiýasyna gatnaşmak maksady bilen amala aşyran saparynyň möhüm ähmiýetini belledi. Bu ýerde döwlet Baştutany tarapyndan mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin täze ugurlar kesgitlendi, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde we hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary berkitmek ugrundaky möhüm orny nygtaldy.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy sebit merkeziniň işine berilýän yzygiderli goldawlar üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen bilelikdäki işiň baý tejribesine, uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026