HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dimaş Kudаýbergen BMG-niň Halkara Migrasiýa Guramasynyň (HMG) Dünýäniň ýagşy niýetler ilçisi boldy

Dekabr 09, 2025 | 00:35 |5810
BMG-niň düzümine girýän Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) 8-nji dekabrda gazagystanly artist we ynsanperwerlik hyzmatkäri Dimaş Kudaýbergeniň Dünýäniň ýagşy niýetler ilçisi edip belländigini mälim etdi. Bu wezipä bellenme Ženewada, HGM-niň Geňeşiniň 116-njy sessiýasynyň çäklerinde bolup geçdi. Bu mejlise Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdyBMG-niň düzümine girýän Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) 8-nji dekabrda gazagystanly artist we ynsanperwerlik hyzmatkäri Dimaş Kudaýbergeniň Dünýäniň ýagşy niýetler ilçisi edip belländigini mälim etdi. Bu wezipä bellenme Ženewada, HGM-niň Geňeşiniň 116-njy sessiýasynyň çäklerinde bolup geçdi. Bu mejlise Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy
Çeşme: iom.int

BMG-niň düzümine girýän Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) 8-nji dekabrda gazagystanly artist we ynsanperwerlik hyzmatkäri Dimaş Kudaýbergeniň Dünýäniň ýagşy niýetler ilçisi edip belländigini mälim etdi. Bu wezipä bellenme Ženewada, HGM-niň Geňeşiniň 116-njy sessiýasynyň çäklerinde bolup geçdi. Bu mejlise Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Bu dereje Dimaşyň inklýuziwligiň, hormat goýmagyň hem-de kyn ýagdaýlardan we mejbury göçden ejir çeken adamlara bolan raýdaşlygyň ýörelgelerini wagyz etmekde uzak ýyllaryň dowamynda edýän tagallasynyň ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Geňeşiň dowamynda Dimaş Guramanyň işgärlerine hem-de agza döwletleriň wekiliýetlerine ýüzlenip, özüniň meşhur aýdymlarynyň birini ýerine ýetirdi. HMG-niň Baş direktory Emi Poup Dimaşyň aýdym-sazynyň serhetlerden aňryk ýaýrandygyny hem-de onuň ynsanperwerlik boýunça alyp barýan işleriniň köplenç ünsden düşürilýän adamlar baradaky hakykatlara ünsi çekýändigini belledi. «Dimaş öz sesini diňe diňleýjileri tolgundyrmak üçin däl, eýsem kyn ýagdaýlarda ejir çeken adamlaryň sesini ýetirmek üçin hem ulanyp geldi» - diýip, Emi Poup aýtdy.

Dimaş Kudaýbergen öň 2023-nji ýylda HMG-niň Sebitleýin ýagşy niýetler ilçisi hökmünde bellenipdi. Ol gapma-garşylyklar we tebigy betbagtçylyklar netijesinde jaýdan-öýden aýrylan adamlaryň bähbitlerini işjeň goranlygy bilen tanalýar. Onuň Nýu-Ýork, Mehiko, Barselona, London, Berlin we Riga ýaly şäherleri öz içine alan «Stranger» atly dünýä aýdym-saz çykyşlary döwründe raýdaşlygy wagyz etmek boýunça edýän işleri dünýäniň 100 müňden gowrak diňleýjisiniň ünsüni çekdi.

Artistiň bellemegine görä, ol öz dünýä derejesindäki platformasyny, ykbaly näbellilik hem-de ýitgi bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlaryň meselelerine has köp üns çekmek üçin peýdalanmakçy: «Her bir adam gelip çykyşyna garamazdan, mertebä, howpsuzlyga we rehim-şepagata mynasypdyr».

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026