HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäniň iri gämi gatnaw kompaniýalary “Marintec China 2025” sergisinde pes uglerodly täze çözgütleri hödürlediler

Dekabr 07, 2025 | 20:00 |7169
Anna güni Şanhaýda “Marintec China” atly sergi tamamlandy. Onda gämi gatnaw pudagynda zyňyndylary azaltmaga bagyşlanan ýörite bölüm görkezildi.Anna güni Şanhaýda “Marintec China” atly sergi tamamlandy. Onda gämi gatnaw pudagynda zyňyndylary azaltmaga bagyşlanan ýörite bölüm görkezildi.
Çeşme: news.cn

Anna güni Şanhaýda “Marintec China” atly sergi tamamlandy. Onda gämi gatnaw pudagynda zyňyndylary azaltmaga bagyşlanan ýörite bölüm görkezildi.

“Marintec” Halkara guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy Gun Kankan şeýle diýdi: «Dünýäniň iň uly gämi gurluşykçysy hökmünde Hytaýa-da ylmy-barlag işlerinden başlap, zyňyndylary azaltmak tehnologiýalara çenli ähliumumy serişdeler gerek».

“Arassa nol” çarçuwasyny kabul etmek baradaky ses berişlik bir ýyl yza süýşürilen hem bolsa, “ýaşyl” geçişe bolan ymtylyş gämi gatnaw pudagynda ösmegini dowam etdirdi.

Germaniýanyň awtoulag we deňiz inženerçiligi öndürijisi bolan "Everllence" kompaniýasy ammiak bilen işleýän iň soňky hereketlendirijisini hödürledi. Bu täze model geçen aý köpçülige ýetirildi we geljek ýyl eltilip başlanmagyna garaşylýar.

«Şu ýyl aýratyn ýyl diýip bilerin, sebäbi biz gaty köp tehnologiýany we uly özgerişleri görýäris, gämi gatnaw pudagy zyňyndylary azaltmaga çemeleşýär. Şonuň üçin ammiak, metanol, ähli zerur "ýaşyl" ýangyçlar, hereketlendirijiler we tehnologiýalar — bularyň hemmesini şu ýerden tapyp bilersiňiz. Tehnologiýa bar, kadalar güýje gireninde biz işe başlamaga taýyn» diýip, "Everllence" kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Uwe Lauber aýtdy.

Sergide zyňyndylary azaltmak ugrunda zerurlyklary kanagatlandyrýan "Ýaşyl energiýa adasy" atly desga görkezildi.

«Geljekde gämileriň önümçiligini we tutuş logistika prosesini gurşap alýan, nol ugleroda ýakyn çözgüt gerek bolar. Bu talaby kanagatlandyrmak üçin biz "ýaşyl" ýangyjy ýeke-täk deňiz meýdançasynda öndürmegi, saklamagy we üpjün etmegi saýlap aldyk» diýip, Şanhaýyň Söwda gämilerini dizaýn we barlag institutynyň dekanynyň orunbasary Li Sin aýtdy.

"Ýaşyl" ykdysadyýete geçişi kabul etmek bilen, Hytaý global gämi gurluşyk senagatynda esasy üpjün edijä öwrüldi.

«Tutuş gämi gatnaw bazary has "ýaşyl" we has "akylly" bolmaga çemeleşýär. Biz ähli gämi önümlerimiz boýunça "ýaşyl" çözgütlerimizi kämilleşdirdik» diýip, n "Shanghai Waigaoqiao Shipbuilding" kompaniýasynyň başlygy Çen Gan aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026
Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

13:05 Awgust 16, 2026
Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

13:02 Awgust 16, 2026