Termez – Haýraton köprüsi özbek – owgan serhedinde ýolagçy gatnawy üçin gaýtadan açyldy


Dört ýyllyk arakesmeden soňra, strategik taýdan möhüm Termez – Haýraton köprüsi arkaly özbek - owgan serhedinden ýolagçy gatnawy doly dikeldildi. Raýatlar üçin barlag-göýberiş nokatlarynyň täzeden açylmagy, sebitiň telekeçileri we ýaşaýjylary üçin logistikanyň ep-esli ýeňilleşendigini görkezýär.
Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň maglumatyna görä, ýolagçylar indi iki ýurduň arasynda göni we howpsuz syýahat edip bilerler. Wiza talaplary üýtgewsizligine galýar.
2021-nji ýylyň iýun aýyndan bäri, pandemiýa we Owganystandaky syýasy ýagdaýyň üýtgemegi bilen baglylykda, Talybanlar häkimiýete geleninden soň, Termez – Haýraton köprüsi diňe ýük daşamak üçin açyk bolup, işewürlik we hususyýetçiler üçin çynlakaý kynçylyklary döretdi.
Mazari-Şerife (Termezden bary-ýogy 75 km uzaklykda bu bolsa awtoulag bilen bir sagat töweregi ýol) ýetmek üçin telekeçiler Täjigistanyň içinden uzak ýagny bir günlik aýlaw ýoly geçmeli bolýardylar. Indi bu çäklendirmeler aýryldy we göni gatnawlar dikeldildi, bu bolsa sebitleýin söwdanyň netijeliligi üçin örän möhümdir.
Serhetden geçmek tertibini doly dikeltmek eksport ediji kompaniýalar üçin güýçli itergi hökmünde garalýar. Soňky ýyllarda Owganystana Özbegistanyň eksporty durnukly ösüşi görkezdi we göni ýoluň açylmagy 2026-njy ýyla çenli eksport möçberini 2,5 milliard ABŞ dollara ýetirmek baradaky uly maksada ýetmek üçin ähli şertleri döredýär.
Özbegistanyň Hökümeti kompaniýalara owgan bazaryna işjeň girmek üçin birnäçe görlüp-eşidilmedik höweslendirmeleri hödürleýär. Haýraton ýa-da Mazari-Şarifde ammar açýan telekeçiler olaryň saklanyşy bilen bagly çykdajylary üçin 100% öwez tölegini alarlar. Owganystanyň ähli 34 welaýatynda önümleri mahabatlandyrmak üçin edilen çykdajylar doly tölener.
Söwda-senagat edarasy telekeçileri bu mümkinçilikden peýdalanmaga çagyrdy we şeýle belledi: “Owganystanyň bazarynda 50 million sarp ediji bar, ol ýokary isleg we pes bäsdeşlik bilen häsiýetlendirilýär. Bu elden giderilmeli däl özboluşly mümkinçilikdir”.
ORIENT








