HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Syýahatçylyk tehnologiýalary: Duşenbe «QR-ýolbeledi» atly innowasion taslamany durmuşa geçirýär

Dekabr 05, 2025 | 17:05 |7946
Täjigistanyň paýtagty Duşenbede şäheriň Döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň başlangyjy bilen «QR-ýolbeledi» atly innowasion taslamanyň durmuşa ornaşdyrylmagy başlandyTäjigistanyň paýtagty Duşenbede şäheriň Döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň başlangyjy bilen «QR-ýolbeledi» atly innowasion taslamanyň durmuşa ornaşdyrylmagy başlandy
Çeşme: khovar.tj

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede şäheriň Döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň başlangyjy bilen «QR-ýolbeledi» atly innowasion taslamanyň durmuşa ornaşdyrylmagy başlandy. Bu çözgüt «Sanly ykdysadyýetiň we innowasiýalaryň ösüş ýyllary – 2025–2030» maksatnamasynyň çäklerinde kabul edilip, şäheriň syýahatçylyk infrastrukturasynda möhüm özgertmeleri göz öňünde tutýar diýip, «Hovar» döwlet agentligi habar berýär.

Taslama paýtagtyň 45 sany esasy medeni we taryhy ýadygärlikleri barada ilata, myhmanlara hem-de daşary ýurtly syýahatçylara takyk we elýeterli maglumaty ýetirmegi üpjün eder. Bu başlangyç Duşenbeniň sanlylaşdyrma syýasatynyň we onuň syýahatçylyk kuwwatyny dünýä ýaýmak ugrundaky tagallalaryň dowamydyr.

Taslamanyň çäginde saýlanan desgalara QR-belgiler ýerleşdirilen ýörite mermer tagtalar gurnalmaga başlandy. Bütin tagtalaryň gurnalyşynyň tamamlanmagy 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna meýilleşdirilýär.

QR-belgini skanirlemek arkaly syýahatçylar gerekli tekst we ses maglumatlaryny özünde jemleýän Dushanbe Travel portalyna girip bilerler.

Taslamanyň ilkinji tapgyrynda maglumatlar üç dilde — täjik, rus we iňlis dillerinde — elýeterlidir. Indiki tapgyrda maglumatlaryň hytaý we arap dillerinde hem ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýär.

«QR-ýolbelediň» ornaşdyrylmagy sanly syýahatçylygyň ösüşine, baý taryhy-medeni mirasyň wagyz edilmegine hem-de şäherde syýahatçylyk-maglumat hyzmatlarynyň hiliniň ep-esli ýokarlanmagyna ýardam berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026