HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Turkmenistandaky ilçihanasy talyp hakly maksatnamany yglan etdi

Dekabr 05, 2025 | 19:25 |6507
Bu talyp hakly maksatnama öňdebaryjy Hytaý uniwersitetlerinde magistratura girmek isleýän ähli ýurtlaryň raýatlary üçin niýetlenendir. Dalaşgärleriň sany çäklendirilmedikBu talyp hakly maksatnama öňdebaryjy Hytaý uniwersitetlerinde magistratura girmek isleýän ähli ýurtlaryň raýatlary üçin niýetlenendir. Dalaşgärleriň sany çäklendirilmedik
Çeşme: leapscholar.com

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy häzirki wagtda açyk bolan HHR Hökümetiniň Talyp hakly maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bu talyp hakly maksatnama öňdebaryjy Hytaý uniwersitetlerinde magistratura girmek isleýän ähli ýurtlaryň raýatlary üçin niýetlenendir. Dalaşgärleriň sany çäklendirilmedik.

Okuw maksatnamasy «Bir ýyl Hytaý uniwersitetinde + bir ýyl dalaşgäriň öz ýurdunda» görnüşi boýunça amala aşyrylýar, bu bolsa işleýänler üçin örän amatlydyr. Okuwlar iňlis dilinde geçirilýär.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Dalaşgär Hytaý Halk Respublikasyndan başga bir ýurduň raýaty bolmaly we saglyk ýagdaýy gowy bolmaly, 45 ýaşdan kiçi bolmaly.

  • Dalaşgär bakalawr ýa-da ondan ýokary derejä eýe bolmaly we azyndan üç ýyl iş tejribesi bolmaly. Teklip edilýän maksatnama laýyk gelýän hünär taýýarlygy ýa-da iş tejribesi bolan dalaşgäre artykmaçlyk berler.

Dalaşgär aşakdaky dört bölümiň birine laýyk gelmelidir:

  • Bölüm başlygy (ýa-da oňa deň derejedäki) ýa-da ondan ýokary derejeli döwlet gullukçysy;

  • Edaranyň ýa-da kärhananyň uly dolandyryjysy (menežeri);

  • Uniwersitetiň ýa-da ylmy-barlag institutynyň administratory;

  • Halkara guramalarda degişli iş tejribesi ýa-da hünär synanyşygy (stažirowkasy) bolan şahslar.

Maksatnama barada giňişleýin maglumatlary degişli salgy boýunça alyp bilersiňiz:

https://www.campuschina.org/content/details3_790440.html

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026