HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow Cocoon — AI üçin hasaplama toruny işe girizdi

Dekabr 04, 2025 | 15:00 |7782
Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow Cocoon (Confidential Compute Open Network) taslamasynyň resmi taýdan işe girizilendigini yglan etdiTelegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow Cocoon (Confidential Compute Open Network) taslamasynyň resmi taýdan işe girizilendigini yglan etdi
Çeşme: Cocoon

Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow Cocoon (Confidential Compute Open Network) taslamasynyň resmi taýdan işe girizilendigini yglan etdi. Bu, emeli aň (AI) bilen baglanyşykly işleriň howpsuz ýerine ýetirilmegi üçin niýetlenen, gizlin, açyk we merkezileşdirilmedik hasaplama torudyr.

Cocoon, ýokary bahaly we gizlinligi çäkli AI hyzmatlary meselesini çözýän innowasion modeli hödürleýär. Neýron torlarynyň hasaplamalary, GPU-lary bilen üpjün edilen we tor gatnaşmagyna razy bolan ulanyjylaryň enjamlarynda amala aşyrylýar.

Işläp taýýarlaýjylar merkezi üpjün edijiler bilen deňeşdirilende has arzan bahadan serişdeleri alyp bilýärler we 100% gizlinlik kepillendirilýär.

Enjam eýeleri öz hasaplama güýjüni bermek arkaly hakykat wagt tertibinde TON kriptowalýutasyny gazanyp bilerler.

Durow Telegram-yň Cocoon-y ulanyp, habarlary awtomatiki terjime edýändigini tassyklady. Geljekde tor giňeldilip, ulanyjylar üçin doly gizlin AI aýratynlyklary bilen birnäçe täze funksiýalary işe girizmek meýilleşdirilýär. Taslamanyň çeşme kody GitHub-da elýeterlidir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026