HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýürekden – Kalpdan kalba. Maryda hoşniýetliligiň inkýuziw baýramçylygy

Dekabr 04, 2025 | 23:00 |8885
«Däp-Dessur» guramasy Mary şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny aýratyn mähirlilik we päk duýgular bilen dolan «Ýürekden – From the Heart» atly inkýuziw konsertine gatnaşmaga çagyrýar«Däp-Dessur» guramasy Mary şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny aýratyn mähirlilik we päk duýgular bilen dolan «Ýürekden – From the Heart» atly inkýuziw konsertine gatnaşmaga çagyrýar
Çeşme: orient.tm

Döredijiligi goldap, Meýletinçiler gününi belläň!

«Däp-Dessur» guramasy Mary şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny aýratyn mähirlilik we päk duýgular bilen dolan «Ýürekden – From the Heart» atly inkýuziw konsertine gatnaşmaga çagyrýar.

Bu baýramçylyk 7-nji dekabrda geçirilip, iki möhüm senä - Halkara Maýyplar Gününe hem-de Meýletinçiler Gününe - bagyşlanar.

Sahnada bitewilik we agzybirlik

«Ýürekden – Kalpdan kalba» atly konsert diňe bir sahna çykyşlary däl — bu hakyky inklýuziwligiň we zehiniň baýramydyr. Bir sahnada döredijilik bilen birleşen dürli gatnaşyjylar ýygnanyşar:

• ýaş zehinler,

• döredijilik toparlary,

• tejribeli pensionerler,

• ýadawsyz meýletinçiler,

• hem-de maýyplar.

Olaryň bilelikdäki çykyşlary ýagşylygyň we sungatyň hiç hili çäkleri tanamaýandygyny subut eder. Bu döredijilige guwanmaga, jemgyýetiň agzybirliginiň güýjüni duýmaga mümkinçilik berýän çäredir. Wagty: 7-nji dekabr, sagat 14:00 Ýeri: Mary şäheri, Medeniýet köşgi

Siz nähili goldap bilersiňiz?

Siziň gatnaşmagyňyz — iň möhüm goldawyňyzdyr! «Däp-Dessur» guramasy bu şowhuna gelmäge mümkinçilik tapan her bir adamy görmäge şat bolar. Eger-de çärä gelmäge mümkinçilik bolmasa, siz bizi daşyndan hem goldap bilersiňiz:

• Çäre baradaky maglumat bilen paýlaşyň: Bu habary gaýtadan paýlaşyň ýa-da dostlaryňyza iberiň.

• Hoş söz bilen goldaň: Gatnaşyjylara we meýletinçilere bolan goldawyňyzy, ýagşy arzuwlaryňyzy ýetirip bilersiňiz.

Kalbyny we zehinini dünýä peşgeş berýänleri goldaň!

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026