HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara çäreleriň geçirilýän günlerinde tertip-düzgün we howpsuzlyk – Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Dekabr 03, 2025 | 23:55 |5409
3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Çeşme: orient.tm

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany ýurduň goranmak ukybyny has-da berkitmegiň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Ýaragly Güýçleri maksatnamalaýyn esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmelidigini nygtady. Ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, we olaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyna aýratyn üns berildi.

Hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik tertip-düzgüni ulgamynda ýolbaşçylara hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, şeýle hem ýangyn we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmek tabşyryldy. Jemgyýetçilik tertip-düzgünini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny etmekde sanly tehnologiýalary giňden ulanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Kazyýet we hukuk ulgamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow kanunlaryň we beýleki hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle hem adamyň we raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi. Kazyýet işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we hukuk tertibini üpjünçiligini berkitmek üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Serhet, gümrük we migrasiýa gulluklarynyň işini ara alyp maslahatlaşyp, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň döwlet serhediniň dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy. Ygtybarly serhet goragyny üpjün etmek, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak we serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek wezipesi goýuldy.

Gümrük ulgamynda esasy talap ýurda getirilýän harytlaryň bellenen talaplara laýyk gelmegine gözegçiligi has-da kämilleşdirmekden, migrasiýa ulgamynda bolsa migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi gowlandyrmakdan ybarat boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň, halkara çäreleriň geçirilýän şeýle hem Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde howpsuzlygy, jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany goranmak ukybyny berkitmek we howpsuzlygy ýokary derejede üpjün etmek boýunça işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026