HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Haýsy strategik maksat bilen Fransiýanyň Prezidenti Pekine döwlet sapary bilen geldi?

Dekabr 04, 2025 | 13:27 |5912
HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron döwlet sapary bilen Pekine bardyHHR-niň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron döwlet sapary bilen Pekine bardy
Çeşme: Sinhua

HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron döwlet sapary bilen Pekine bardy. Bu barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň (CCTV) esasy döwlet teleýaýlymy habar berýär.

Anna gününe çenli dowam etjek bu sapar fransuz Lideriniň dördünji saparydyr. Bu Si Szinpiniň geçen ýyl Fransiýa amala aşyran döwlet saparyna jogap saparydyr. Bu sapar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 60 ýyllygyna gabat geldi.

Aýratyn syýasy ýagdaýy döredýän möhüm taryhy jikme-jiklik, Gündogar döwletleriniň arasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen ilçihana derejesinde diplomatik gatnaşyklary ilkinji bolup Fransiýanyň ýola goýanmagy – hakykat bolmagynda galýar. Bu ýagdaý ikitaraplaýyn gatnaşyklara hemişe goşmaça çuňluk we simwoliki ähmiýet berýär.

Häzirki saparyň esasy temasy iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda esasy halkara we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşmak, şeýle hem ählumumy ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän şertlerinde hytaý-fransuz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden ybarat bolar.

Taraplaryň halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp düzmäge ünsi jemlemegine garaşylýar, bu bolsa Hytaýyň we Fransiýanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary hökmünde derejesini göz öňünde tutaňda, has-da möhümdir. Fransiýanyň wekiliýetiniň düzüminde – daşary işler ministri Žan-Noel Barro, beýleki ýokary derejeli resmi adamlar we işewürler bileleşiginiň wekilleri bar. Bu bolsa Parižiň sapary syýasy, ykdysady we diplomatik taraplary birleşdirip, giňişleýin geçirmek meýlini tassyklaýar.

CCTV-niň bilermenleriň belleýşi ýaly, iki döwletiň Baştutanlarynyň strategik ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda ähli derejelerdäki gatnaşyklar güýçlendi, amaly hyzmatdaşlyk has netijeli boldy, köptaraplaýyn meseleler boýunça utgaşyklylyk bolsa – has-da durnuklaşdy. Şonuň üçin şu gezekki sapar täze ylalaşyklara goşmaça itergi bermek we iki ýurduň arasyndaky strategik taýdan özara düşünişmegi berkitmek üçin mümkinçilik hökmünde kabul edilýär.

Emmanuel Makronyň saparynyň öňüsyrasyndaky aragatnaşyklar hem görkezijili boldy. Onuň sapar bilen gelmeginden alty gün öň, HHR-niň daşary işler ministri, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosynyň agzasy Wan I bilen Fransiýanyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Emmanuel Bonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

04122025-prezident-francii-pribyl-pekin-vizit (1).jpeg

Hytaý tarapy Parižiň Ýewropa Bileleşiginiň HHR-a bolan gatnaşygynda has oňyn we pähimli çemeleşme işläp düzmegine höweslendirjekdigine umyt bildirdi. Fransiýa öz gezeginde garaşsyz daşary syýasat däbine ygrarlydygyny tassyklady, bir Hytaý ýörelgesiniň üýtgewsizdigini ýene bir mälim etdi we Taýwan meselesinde Pekiniň kanuny garaýyşyna düşünýändigini nygtady.

Eýýäm Pekinde Wan I Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Noel Barro bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hytaýly diplomat Hytaý bilen Fransiýanyň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklaryň, esasanam barha çylşyrymlaşýan ählumumy ýagdaýlar göz öňünde tutulanda, halkara bileleşiginiň hemişe üns merkezinde bolmagyny dowam etdirýändigini belledi.

Wan I Ikinji jahan urşunda ýeňiji döwletler we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary hökmünde iki ýurduň hem hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we uruşdan soňky dünýä tertibiniň esasy ýörelgelerini bilelikde goldamagyň möhümdigini nygtady. Şeýle hem, ol Ýaponiýanyň ýolbaşçylygynyň Taýwan meselesi boýunça ýakynda eden beýanatlary boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň garaýşyny beýan etdi. “Hytaý Fransiýanyň öz kanuny garaýşyna düşünip we goldamagyny dowam etdirjekdigine umyt edýär we ynanýar” – diýip, Wan I sözüniň üstüni ýetirdi.

Žan-Noel Barro Prezident Emmanuel Makronyň HHR bilen gatnaşyklara berk ygrarlydygyny tassyklady. Fransiýa “bir Hytaý” syýasatyna ygrarlydygyny, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy berkitmek isleýändigini ýene bir gezek mälim etdi we Ýewropa Bileleşigi bilen HHR-niň arasynda konstruktiw dialogy ösdürmäge taýýardygyny nygtady.

Fransiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy sapary guramakda görkezen işjeň tagallalary üçin hytaý tarapyna minnetdarlygyny beýan etdi we onuň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Resmi Pariž hem garaşsyz we awtonom Ýewropa Bileleşigini döretmek pikirine ygrarlydygyny tassyklady. Bu bolsa Hytaý bilen gatnaşyklary çalt özgerýän halkara gurşawynda aýratyn möhüm häsiýete eýe edýär.

CCTV-niň belleýşi ýaly, Emmanuel Makronyň Pekine sapary dünýä diplomatiýasyndaky möhüm wakalaryň çäklerinde amala aşyrylýar. Geljek ýyl Fransiýa G7 sammitine, Hytaý bolsa Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ykdysady liderleriniň 33-nji duşuşygyna ýolbaşçylyk eder. Şu şertlerde, ählumumy dolandyryş meselelerinde Pariž bilen Pekiniň arasyndaky utgaşyklylygy pugtalandyrmak aýratyn möhümdir. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gün tertibinden halkara institutlarynyň özgerdilmegine çenli – Fransiýa bilen Hytaýyň öz garaýyşlaryny deňleşdirmäge çalyşýan temalarynyň gerimi barha giňeýär, bu bolsa halkara prosesleriniň özara baglanyşygynyň artýandygyny görkezýär.

Şuňa laýyklykda, Emmanuel Makronyň Hytaýa döwlet sapary iki tarap tarapyndan hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermek, strategik özara ynamy berkitmek, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek, ählumumy we sebitleýin howpsuzlyk meselelerinde özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin mümkinçilik hökmünde kabul edilýär.

Iki ýurduň bilelikdäki tagallalarynyň hytaý-fransuz strategik hyzmatdaşlygynyň ösüşine we halkara gatnaşyklarynyň has durnukly arhitekturasynyň kemala gelmegine möhüm goşant goşar diýlip garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026