HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kyodo News: “Ýaponiýa – Merkezi Aziýa” sammiti 20-nji dekabrda geçiriler

Dekabr 03, 2025 | 21:45 |5871
Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky halkara dialog anyk görnüşlere eýe bolýar. “Kyodo News”-yň habaryna görä, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek “Ýaponiýa – Merkezi Aziýa” sammiti 20-nji dekabrda Tokioda geçirilerÝaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky halkara dialog anyk görnüşlere eýe bolýar. “Kyodo News”-yň habaryna görä, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek “Ýaponiýa – Merkezi Aziýa” sammiti 20-nji dekabrda Tokioda geçiriler
Çeşme: pac.ru

Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky halkara dialog anyk görnüşlere eýe bolýar. “Kyodo News”-yň habaryna görä, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek “Ýaponiýa – Merkezi Aziýa” sammiti 20-nji dekabrda Tokioda geçiriler.

Bu maglumat 2-nji dekabrda Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) wise-prezidenti Taro Asonyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ýaponiýa – Merkezi Aziýa dostluk ligasynyň umumy ýygnagynda beýan edildi.

Taro Aso, Premýer-ministr Sanae Takaitiniň Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen sammite taýýarlyklary işjeň utgaşdyrýandygyny aýtdy. Ol “Merkezi Aziýa halkara ünsüniň yzygiderli artýandygyny we sammitiň üstünliginiň diplomatik nukdaýnazardan diýseň möhümdigini” nygtady.

Şeýle hem Premýer-ministr Sanae Takaitiniň sammite gatnaşjak her bir döwlet ýolbaşçysy bilen aýratyn duşuşyklary meýilleşdirilýär. Duşuşykda “döwlet Baştutanlaryny mähirli garşylamak we sebit bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy goldamak” syýasaty tassyklandy.

Şeýle ýokary derejede üns berilmegi, amatly strategik ýerleşişe we baý serişde binýadyna eýe bolan Merkezi Aziýanyň strategik ähmiýeti bilen düşündirilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026