HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kuaishou Kling O1 — wideo döretmek we redaktirlemek üçin bitewi AI modelini tanyşdyrdy

Dekabr 03, 2025 | 18:00 |6102
Hytaýyň tehnologik ägirdi Kuaishou Kling O1 (Omni One) atly ilkinji bitewi multimodal modelini tanyşdyrdy. Bu model wideo kontenti bilen işlemegi ep-esli ýeňilleşdirýärHytaýyň tehnologik ägirdi Kuaishou Kling O1 (Omni One) atly ilkinji bitewi multimodal modelini tanyşdyrdy. Bu model wideo kontenti bilen işlemegi ep-esli ýeňilleşdirýär
Çeşme: apps.apple.com

Hytaýyň tehnologik ägirdi Kuaishou Kling O1 (Omni One) atly ilkinji bitewi multimodal modelini tanyşdyrdy. Bu model wideo kontenti bilen işlemegi ep-esli ýeňilleşdirýär.

O1-iň baş täzeçiligi — tekstden-wideo (text-to-video), suratdan-wideo (image-to-video) we çylşyrymly montaž ýaly ähli funksiýalaryň birikdirilen iş interfeýsinde (pipeline) jemlenmegidir. Indi dürli işleýiş tertipleriň arasynda geçip ýörmegiň zerurlygy ýok.

Model goşmak, aýyrmak, obýektleri üýtgetmek, stilizasiýa we başlangyç hem-de ahyrky suratlaryň arasynda (Start/End Frame) akgynly geçişleri döretmek ýaly jemi ýedi görnüşe çenli wezipeleri ýerine ýetirip bilýär.

Esasy mümkinçilikler:

• Tekst arkaly redaktirleme: “pişigi möjek bilen çalşyp goý” ýa-da “güni günüň batmasyna öwrüp goý” ýaly ýönekeý buýruklar arkaly üýtgetmeler girizilýär. O1 obýektleri aýratyn belläp durmazdan, buýruklaryň manysyny düşünýär.

• Kon­sis­tent­lik: Model 10 re­fe­rens surata çenli işläp bilýär, suratlaryň arasynda gahrymanlaryň we sahnalaryň birmeňzeşligini saklap biler.

• Hil: Wideo 1080p durulykda, sekuntda 30 surat tizliginde we 10 sekunt dowamlylykda döredilýär (uzaltmak mümkinçiligi bilen — 2 minuda çenli).

• Audio: Surata laýyk sesleri — meselem, ýagyş sahnasyna laýyk degişli sesini — sinhron ýagdaýda döredip biler.

Kling O1 ýokary hilli wideo kontenti döretmek prosesini has çaltlandyrýar we aňsatlaşdyrýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

20:20 Iýul 27, 2026
Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

20:15 Iýul 27, 2026
Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

20:10 Iýul 27, 2026