HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Esasy AI täzeligi: Baidu tizlendirijileri Hytaý bazaryny eýelemäge taýýar

Noýabr 30, 2025 | 13:00 |4000
Hytaýyň internet ägirdi Baidu şu aýda emeli aň infrastrukturasynda ulanylýan M100 we M300 atly öz dürli tizlendirijilerini hödürlediHytaýyň internet ägirdi Baidu şu aýda emeli aň infrastrukturasynda ulanylýan M100 we M300 atly öz dürli tizlendirijilerini hödürledi
Çeşme: TechPowerUp

Hytaýyň internet ägirdi Baidu şu aýda emeli aň infrastrukturasynda ulanylýan M100 we M300 atly öz dürli tizlendirijilerini hödürledi. Bu ädim diňe bir sanksiýalar şertinde Hytaýyň Amerikan tehnologiýalaryna baglylygyny azaltmak bilen çäklenmän, ýerli tehnologiýa kompaniýalarynyň uly dil modellerini taýýarlamak üçin zerur bolan has uly hasaplaýyş mümkinçilikleriniň täze güýçli serişdesini hem döredýär.

Modeliň taýýar görnüşi boýunça işlemek (inference) üçin niýetlenen M100 çipi geljek ýylyň başynda elýeterli bolar, has köp ugurly M300 bolsa 2027-nji ýyldan çykarylyp başlar. Derňewçileriň pikiriçe, Baidu-nyň bu tizlendirijileri üstünlikli önümçilige girizilse, Hytaý işläp taýýarlaýjylaryna iki möhüm meseläni çözmäge kömek eder: serişdeleriň ýetmezçiligi we häkimiýetleriň ýerli çiplere geçmek baradaky talaby.

Maýadarlar bu habara höwes bilen seslendiler, sebäbi Baidu-nyň öz tizlendirijileriniň peýda bolmagy kompaniýanyň işewürligini pugtalandyrar we beýleki hytaý bazara gatnaşyjylarynyň hem ünsüni çeker.

JPMorgan-yň çaklamalaryna görä, täze önümleriň kömegi bilen Baidu geljek ýyl çip satuwyndan girdejisini alty esse artdyryp, 1,1 mlrd dollara ýetirip biler, degişli bölüminiň bazar bahasy bolsa 28 mlrd dollara çenli baryp biler. Baidu Huawei Technologies üçin örän çynlakaý bäsdeş bolýar, şeýle hem bazarda Baidu ýaly ýene bir üpjün edijiniň peýda bolmagy ýurduň ähli AI pudagyna oňyn täsir eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026