Türkmenistanyň Ministrler Kabineti banklary we nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak baradaky kararlary tassyklady


28-nji noýabr, anna güni, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi, onda özgertmeler, halkara hyzmatdaşlygy we içerki durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe strategik meselelere garaldy.
Maliýe pudagyny özgertmegiň we açyklygy ýokarlandyrmagyň çäginde, ýurduň ähli iri banklarynyň ýyllyk maliýe hasabatlarynyň auditini geçirmek üçin abraýly daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek maksady bilen halkara bäsleşikleri geçirmegi yglan etmek barada karar kabul edildi.
Nebitgaz toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedow geçirilen işleriň netijesinde gazkondensatynyň akymy alnan“Uzynada” känini netijeli özleşdirilmegini dowam etdirmegi we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin degişli işler geçirmegi tabşyrdy.
Ulag ulgamynda demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak hem-de kuwwatlylygy we üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak üçin daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek teklibi tassyklanyldy.
Oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň gidişi alnyp maslahatlaşyldy: pagta hasylyny ýygnap almagyň tamamlanmagy, önüm öndürijilere wagtynda tölegleriň geçirilmegi we bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara görä ideg etmek.
Halkara giňişliginde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny amaly taýdan durmuşa geçirmäge badalga berildi, onuň çäginde BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy bilen 16 sany iş meýilnamasy tassyklandy. Bu maksatnamalar dürli ugurlary öz içine alýar: çagalaryň hukuklary we gender deňligi babatda kanunçylygy we Adalatçynyň Diwanynyň işini kämilleşdirmekden başlap, inklýuziw bilim syýasaty we “Ýaşyl” mekdep maksatnamasynyy ornaşdyrmaga çenli.
Durmuş-medeni ulgamda dekabr aýy üçin meýilnamalar tassyklanyldy: Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýatlarda baýramçylyk söwdalary 5-nji dekabrda başlanar we ilatyň azyk önümleri bilen ýeterlik üpjün edilmegine üns berler.
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli esasy çäreleri, şol sanda 12-nji dekabrda gül goýmak dabaralaryny we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşyny geçirmegiň tertibi hem tassyklanyldy.
Bilim ulgamynda Prezident mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we bilim işine döwrebap tehnologiýalary we emeli aňyň ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegi tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleriň hasabatlarynyň dowamynda hödürlenen teklipleri makullady hem-de ähli ugurlarda mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we kabul edilen kararlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilişini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.
ORIENT








