HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gazagystan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda resminamalarynyň toplumyny kabul etdiler

Noýabr 25, 2025 | 14:50 |6301
Şu gün Astanada geçirilen ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriň netijeleri boýunça, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler we hyzmatdaşlygyň strategik ugruny tassykladylarŞu gün Astanada geçirilen ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriň netijeleri boýunça, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler we hyzmatdaşlygyň strategik ugruny tassykladylar
Çeşme: Akorda

Şu gün Astanada geçirilen ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriň netijeleri boýunça, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler we hyzmatdaşlygyň strategik ugruny tassykladylar.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda resmi wekiliýetiň agzalary hökümetara we pudakara resminamalaryň giňişleýin toplumyny alyşdylar. Kabul edilen ylalaşyklar hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýar: ulag we saglygy goraýyş ulgamynda 2026–2027-nji ýyllar üçin strategik meýilnamalardan başlap, migrasiýa we pensiýa üpjünçiligi ýaly durmuş ugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çenli. Ylmy, akademiki, oba hojalyk we hukuk pudaklaryna, şeýle hem iki ýurduň serhetýaka sebitleriniň arasynda göni sebitleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

25112025-turkmenistan-kazahstan-dvustoronnie-dokumenty-sotrudnichestvo (2).jpg


Gol çekilen resminamalaryň doly sanawy:

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda migrasiýa babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda pensiýa üpjünçiligi babatyndada maglumat aragatnaşyk hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda hukuk babatynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda weterinariýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň Milli agrar ylmy-bilim merkeziniň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Ulag babatda Türkmenistan-Gazagystan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2026-2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça esasy çäreleriň meýilnamasy;

Türkmenistanyň Balkan welaýat häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan Respublikasynyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň arasynda ylym babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň iş dolandyryş müdirliginiň “Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň teleradio toplumynyň” hojalyk dolandyryş hukukly respublikan döwlet kärhanasynyň arasynda maglumat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026