Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi
Hytaýda Uzyn ýörişiň ýeňşiniň 90 ýyllygy bellenilýän ýylda nemes ýazyjysy Kristian Ý. Şmidt taryhy ugur boýunça eden syýahatynyň Gyzyl goşunyň başdan geçiren kynçylyklaryna has çuň düşünmäge kömek edendigini aýtdy.
Şmidt ýazyjy Wolker Hering bilen bilelikde Sýanşi welaýatynyň Žuýszin şäherinden ýola çykyp, 2023–2024-nji ýyllarda Gyzyl goşunyň Birinji front goşunynyň Uzyn ýöriş ugry boýunça demirgazyk-günbatara tarap welosiped bilen syýahat etdi.
Olaryň syýahaty 138 gün dowam edip, umumy aralyk 7 müň kilometre golaý boldy. Şmidtiň sözlerine görä, iň kyn bölek Siçuan welaýatynyň günbataryndaky Szýaszzin daglaryndan geçmek boldy. Welosipedçiler gar, duman we çylşyrymly öwrümli ýollar şertlerinde takmynan 30 kilometr ýokary galmaly boldular.
Ýazyjy hut şol ýerde Gyzyl goşunyň nähili agyr tebigy şertlerde hereket edendigine has aýdyň göz ýetirendigini aýtdy.
Şmidt şeýle hem umumy maksadyň we kynçylyklara döz gelmäge taýýarlygyň ähmiýetini belledi. Onuň pikirine görä, bu sapak diňe şahsy durmuş üçin däl, eýsem ýurduň ösüşi üçin hem möhümdir, sebäbi uzak möhletli maksatlara ýetmek köplenç kyn döwürleri ýeňip geçmegi talap edýär.
1934–1936-njy ýyllardaky Uzyn ýöriş Hytaýyň Işçi-daýhan Gyzyl goşunynyň iri harby hereketi bolup, soňra häzirki zaman Hytaý taryhynyň iň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi.
Gyzyl goşunyň Birinji front goşuny 1934–1935-nji ýyllarda takmynan 12,5 müň kilometr ýol geçdi. Ikinji we Dördünji front goşunlary ýörişe soňrak başlap, başga ugurlar boýunça hereket etdiler we ony 1936-njy ýylda tamamladylar.
CCTV+ habar bermegine görä, Şmidtiň Uzyn ýörişiň ugry boýunça eden syýahaty oňa taryhy ýörişe gatnaşan adamlaryň başdan geçiren tebigy we fiziki kynçylyklaryny öz tejribesinde duýmaga mümkinçilik berdi.






