HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bişkekde Ýewraziýa merkezi açyldy: Rus dili we ýewraziýa medeniýeti üçin täze meýdança

Noýabr 24, 2025 | 17:00 |13200
23-nji noýabrda Bişkekde (Gyrgyz Respublikasy) ýurduň taryhynda ilkinji gezek Rus dili we medeniýeti boýunça Ýewraziýa merkezi öz işine başlady23-nji noýabrda Bişkekde (Gyrgyz Respublikasy) ýurduň taryhynda ilkinji gezek Rus dili we medeniýeti boýunça Ýewraziýa merkezi öz işine başlady
Çeşme: interaffairs.ru

23-nji noýabrda Bişkekde (Gyrgyz Respublikasy) ýurduň taryhynda ilkinji gezek Rus dili we medeniýeti boýunça Ýewraziýa merkezi öz işine başlady. «Ýewraziýa» kompaniýasy tarapyndan goldaw berlen bu köpugurly meýdança rus dilini milletara aragatnaşyk dili hökmünde ösdürmäge we giňden ýaýratmaga, şeýle hem Russiýa bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda ynsanperwer we bilim ulgamyndaky meýilnamalary giňeltmäge gönükdirilendir diýip, «Международная жизнь» žurnaly habar berýär.

Açylyş dabarasyna Russiýanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sergeý Wakunow, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa, şeýle-de RF-iň Prezidentiniň Administrasiýasynyň we Gyrgyzystanyň Bilim we Ylym ministrliginiň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Bir wagtyň özünde 200-den gowrak adamy kabul edip bilýän bu merkez ylmy we bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de ýewraziýa giňişliginde inklýuziw medeniýeti öňe sürmäge niýetlenendir.

Bu maksatlara ýetmek üçin giň gerimli maksatnamalar taýýarlanyldy. Mugallymlary goldamaga aýratyn üns berilýär — olar üçin «Professional ösüş mekdebi» we häzirki zaman okatmak usullaryny işläp taýýarlajak usulyýet merkezi açylýar.

Çagalar we ýetginjekler üçin döredilen bilim maksatnamalarynyň arasynda teatr studiýasy, «PROрусский» media mekdebi, sanly medeniýet we programmirleme boýunça okuwlar bar. Mundan başga-da, Ýewraziýa Liderler Assosiasiýasy we Inklýuziwligi goldaw merkezi ýaly bäş tematik gurnak birleşikleri yzygiderli esasda iş alyp barar. Gyrgyzystanyň diňe paýtagtynda däl-de, ýurduň beýleki sebitlerinde hem şeýle merkezleriň ulgamyny giňeltmek, soňra bolsa post-sowet giňişligindäki ýurtlara çykmak meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026