HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Huafa Snow World-y açdy: Dünýädäki iň uly ýapyk dag lyža kurorty

Noýabr 23, 2025 | 13:20 |18667
Hytaýyň iň uly megapolisleriniň biri bolan Şençžende ägirt uly sport-dynç alyş toplumy — Huafa Snow World açyldyHytaýyň iň uly megapolisleriniň biri bolan Şençžende ägirt uly sport-dynç alyş toplumy — Huafa Snow World açyldy
Çeşme: Shenzhen Channel

Hytaýyň iň uly megapolisleriniň biri bolan Şençžende ägirt uly sport-dynç alyş toplumy — Huafa Snow World açyldy. Onuň emeli gar meýdany 100 müň inedördül metre ýetýär, bu bolsa ony dünýäde gar bilen örtülen meýdany boýunça iň uly ýapyk dag-lyža kurortyna öwürýär.

Gurluşygy 29 milliard ýuana düşen toplum, garyň seýrek duş gelýän sebitinde ýylyň hemme paslynda dynç almaga mümkinçilik berýär. Taslama ýerli hökümet tarapyndan goldanyldy, sebäbi ol syýahatçylygy ösdürmegi we gyş sport görnüşlerini ýaýbaňlandyrmagy maksat edinýär.

gornolyzhnyy-kurort-kitay

Huafa Snow World diňe bir gyşy gaýtalamaýar, onuň bilen birlikde aýratyn mümkinçilikleri hem hödürleýär. Toplumda halkara derejesindäki bäş trassa ýerleşýär. Iň uzyn trassanyň uzynlygy 441 metre, beýiklik tapawudy bolsa 83 metre barabar. Ýokary hil derejesini üpjün etmek üçin howanyň temperaturasy hemişe 6°C derejesinde saklanylýar.

Lyžadan we snoubordingden başga-da, toplumda 33 metre beýiklikdäki buz şarlawugy bar we onuň içinde 33 metre çuňlukdaky daýwing howuzy ýerleşýär. Mundan başga-da, tolkunly howuzly we skalodromly «gury» bölüm hem bar.

gornolyzhnyy-kurort-v-mire

Syýahatçylaryň rahatlygy üçin toplumyň özünde garly ýapgytlara açylýan görnüşli JW Marriott myhmanhanasy, söwda we restoran zolaklary gurlupdyr. Täze başlanýanlar üçin üç sagatlyk girişlerden başlap, profesionallar üçin uzak sessiýalara çenli dürli bilet bukjalary hödürlenýär.

Bu kurortyň açylmagy, Hytaýyň gyş sport görnüşlerini ösdürmek we geljekki çempionlar üçin türgenleşik merkezlerini döretmek boýunça uly döwlet maksatnamasynyň bir bölegi bolup durýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026