HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Woýseh Waleçek bilen Aşgabatda Şopeniň duýgylaryny ýaşamak – hatda sessizlik hem owazdan dolanda

Noýabr 22, 2025 | 18:00 |173202
21-nji noýabrda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäklerinde meşhur polşaly pianist Woýseh Waleçek hem-de Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda nusgawy sazlaryň konserti geçirildi21-nji noýabrda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäklerinde meşhur polşaly pianist Woýseh Waleçek hem-de Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda nusgawy sazlaryň konserti geçirildi
Çeşme: awtordan

21-nji noýabrda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäklerinde meşhur polşaly pianist Woýseh Waleçek hem-de Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda nusgawy sazlaryň konserti geçirildi.

Sahnada dünýä belli kompozitorlaryň — Debýussiniň, Bethoweniň, Mosartyň, Listiň, Paganininiň, Albenisiň — fortepiano eserleri ýaňlandy. Bu sazlaryň hemmesi şu gün döredilen ýaly biz bilen söhbet açmagy dowam etdirýär. Olarda hemişelik galkynyşa ukyby bolan özboluşly içki hyjuw bar. Bu saz häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolup, zerur bolmagynda galýar. Adamzat many gözleýänçä, gözelligi we hakykaty küýseýänçä — beýik kompozitorlaryň sungaty hemişe ýaşaýar.

Woýseh Waleçek — nusgawy mirasy döwrebap edýän, onuň ýaşamagyny dowam etdirýän artistleriň biridir. Ol teksti diňe ýerine ýetirmeýär — ol sazyň özüne mahsus ilkinji demini gaýtadan oýarýar. Onuň ýerine ýetirişinde baky galan gymmatlyklar — hakyky söýgi, içki göreş, ýeňişe ymtylyş, ýagty hasrat we inçe liriki duýgylar — täzeden janlanýar. Aşgabadyň tomaşaçylary hem bu täze, ilkinji täsirli sazyň ýüze çykmagyna şaýat bolmak bagtyna eýe boldylar.

shopen-valechak-ashkhabad (1).jpg

Agşamyň iň esasy wakasy bolsa, elbetde, Friderik Şopeniň 1-nji fortepiano konserti boldy. Waleçegiň ýerine ýetirilişinde bu eser maksatnamanyň iň ýokary emosional depginli pursat, tutuş konsertiň ýokary nokady boldy.

Şopeniň 1-nji konserdiniň Waleçek tarapyndan ýerine ýetirilişi aristokratik sazlaşyklylyk, çuňňur gurluş düşünjesi we onuň döredijiligine mahsus bolan akyl durulygy bilen tapawutlanýar.

Allegro maestoso bölüminde pianistiň ilkinji akkordlary bilen saz üçin umumy äheň kesgitlenýär — eser jemlenen, aristokratik frazirowkada akgynly, saz akymy bolsa erkin we manyly. Waleçek daş-töweregiň gereksiz romantiki bezeglerinden gaça durýar, wirtuozyň çylşyrymly geçişleri bolsa maksat däl-de, dramaturgiýanyň tebigy bölegi bolup eşidilýär: ýeňil, arassa, her owazyň arhitekturasyna aýratyn üns bilen gurlan. Orkestr bilen sazlaşykly gatnaşygy bolsa kamera derejesindäki inçeligi beýan edýär: fortepiano lider hökmünde öňe çykman, tebigy ýagdaýda onuň bilen sazlaşykly çalynýar.

shopen-valechak-ashkhabad (2).jpg

Ikinji bölüm — Romanse Larghetto — Waleçegiň başga bir inçe açylýan çuň emosional dünýäni beýan edýär. Bu lirikada ýönekeý täsirler ýok, öňde bolýan sentimentalçylyk ýok — diňe aňryýany duýýan mylaýym duýuş, arassa pedal, ýumşak agogika, ýüreklerden çykýan tolgunma. Pianistiň her frazasy “akyp” gitmeýär — olaryň her biri göterilip, fortepianonyň jümmüşinden çykyp, howada eräp gidýär. Şeýlelikde, howada ýitip barýan näziklik pursatlary döreýär.

Final — Rondo.Vivace — eýsem başga dünýä: ýagtylygyň, çeýeliginiň, diri ritmiň dünýäsi. Waleçek bu finaly ajaýyp däl-de, şatlykly edýär. Pianistiň polýak ruhy her mazur öwüşgininde, her ýeňil, howaly stakkatoda duýulýar — ony emeli döretmek mümkin däl.

Waleçegiň ýerine ýetirilişiniň baş aýratynlygy — onuň filosofiýa çuňlugy bilen duýguly açyklylygy şopençe arassalygy we stili ýitirmezden birleşdirip bilmegidir. Onuň sesiniň inçeligi haýran galdyrýar: ol juda inçe çalyp bilýär, ýöne hiç haçan hopukmaýar. Waleçekde hatda ümsümligiň hem owazy bar.

shopen-valechak-ashkhabad (4).jpg

Pianist solistik partiýany bäsdeşlik görkezmesine öwürmän, ýürekdeş, kamera derejeli dialoga öwürýär — orkestr bilen biri-birini diňleýän, biri-birini duýýan sazlaşyk döreýär. Şeýlelikde, sahnada bitewi döredijilik giňişligi emele gelýär: bu ýerde “pianist we orkestr” däl-de, bir ugurda hereket edýän saz bitewüligi bar.

Aýratyn bellärlik zat — Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirilişi. Onuň çeper ýolbaşçysy, dirižýor, at gazanan artist Resul Gylyjow esere hakyky ýoldaş, inçe sazlaşykly hyzmatdaş boldy. Orkestr Şopeniň lirikasyny owadan reňklerde açdy, onuň näzikligini bozman, solist üçin giň we arassa dem alýan giňişlik döretdi. Orkestr bu ýerde bezeg däl, fon däl — ol konsertiň özi, onuň dem alyşy, ritmi we hereketidi. Ol gahrymanyň töweregindäki manzara ýalydy: agdaklyk etmän, ýoly manyly edýän, sazy bolsa ýagtylyk we hakykat bilen doldurýan güýji bardy.

shopen-valechak-ashkhabad (5).jpg

Mukamlar köşgüniň uly zaly, diňleýjiden dolup, janly we absolýut ümsümlik bilen gurşaldy. Bu ümsümlik — boşluk däldi, eýsem ykrar. Bu ümsümlik — sazyň zalyň ýüregine ýetendigini, ähli tomaşaçylaryň bir demde durandygyny görkezýär. Hemmeler her bir notany duýup, her bir pursatyň näzikligini bozmazlyk üçin demini saklady. Bu — Şopen zehininiň beýik sungaty bilen ýüzbe-ýüz gelinen pursatydy.

Светлана КИМ

Swetlana KIM

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026