HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow 24-25-nji noýabrda Gazagystana barar

Noýabr 21, 2025 | 22:52 |49654
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanynyň Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet saparynyň senesi tassyklanyldy – 24-25-nji noýabrPrezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanynyň Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet saparynyň senesi tassyklanyldy – 24-25-nji noýabr
Çeşme: sputnik.kz

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanynyň Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet saparynyň senesi tassyklanyldy – 24-25-nji noýabr.

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi hem-de goňşy ýurtlar bilen däp bolan dostlukly dialogy ösdürmek ýurduň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Bu sapar Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça amala aşyrylar we iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ýokary derejeli gepleşikler geçen ýyl Aşgabatda gol çekilen 2025–2027-nji ýyllar üçin Dostlugy berkitmek we köpugurly strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek meselelerine bagyşlanar.

Aşgabat bilen Astananyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasyny – 180 sany ikitaraplaýyn resminamada berkidilen berk şertnama-hukuk binýady binýady düzýär.

Türkmenistan we Gazagystan BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň, çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi artýar. Şunda däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministrine dost-doganlyk gatnaşyklaryna täze itergi bermäge niýetlenen sapara degişli taýýarlyk işlerini görmegi tabşyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026