HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyşa göwnejaý taýýarlyk: işewürler ýyladyş möwsümini ýitgisiz geçirmek üçin näme etmeli?

Noýabr 20, 2025 | 13:50 |50967
Howanyň sowamagy bilen kärhanalaryň öňünde esasy mesele döreýär: nädip durnukly ýyladyşy üpjün etmeli, işleriň togtamagynyň öňüni almaly we çykdajylary optimizirlemeli? Dogry taýýarlyk diňe işgärleriň we müşderileriň rahatlygy däl, eýsem enjamlaryň, harytlaryň we ähli iş prosesiniň bitewüligini üpjün edýär.Howanyň sowamagy bilen kärhanalaryň öňünde esasy mesele döreýär: nädip durnukly ýyladyşy üpjün etmeli, işleriň togtamagynyň öňüni almaly we çykdajylary optimizirlemeli? Dogry taýýarlyk diňe işgärleriň we müşderileriň rahatlygy däl, eýsem enjamlaryň, harytlaryň we ähli iş prosesiniň bitewüligini üpjün edýär.
Çeşme: Alsat.tm

Howanyň sowamagy bilen kärhanalaryň öňünde esasy mesele döreýär: nädip durnukly ýyladyşy üpjün etmeli, işleriň togtamagynyň öňüni almaly we çykdajylary optimizirlemeli? Dogry taýýarlyk diňe işgärleriň we müşderileriň rahatlygy däl, eýsem enjamlaryň, harytlaryň we ähli iş prosesiniň bitewüligini üpjün edýär.

Şu gün ALSAT.tm marketpleýsiniň kömegi bilen gerek enjamlary we şaýlary saýlamak has aňsat bolup, islendik desgalar üçin çözgütler hödürlenilýär.

Radiatorlar: az ýitgili ýokary netijeli ýyladyş

Häzirki zaman bimetal we alýumin radiatorlary otaglary has çalt ýylatmaga hem-de gazana düşýän yüki azaltmaga mümkinçilik berýär. Eger ýyladyş ulgamy könelişen bolsa, radiatorlary döwrebaplaşdyrmak ýylylyk ýitgilerini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.

holodnyj-raschyot-zimy-chto-nuzhno-biznesu-chtoby-projti-otopitelnyj-sezon-bez-poter.jpg(1)

Maslahat: otagyň meýdanyna görä bölümçe sanyny saýlaň.ALSAT.tm-de ofisler, dükanlar, ammarlaryň we önümçilik zolaklarynyň ähli görnüşleri üçin degişli modeller bar.

holodnyj-raschyot-zimy-chto-nuzhno-biznesu-chtoby-projti-otopitelnyj-sezon-bez-poter.jpg(2)

Nasoslar: howpsuz we durnukly ýylylyk dolanyşygy

Hatda güýçli gazan hem durnukly aýlanyşyksyz ýokary hilli ýyladyşy üpjün edip bilmeýär. Häzirki zaman nasoslary “sowuk zolaklaryň” döremeginiň öňüni alýar we energiýa sarp edilişini azaldýar. Maslahat: bypass energiýa tygşytlaýjy modelleri ulanyň — ALSAT.tm-dedürli baha kategoriýalarynda saýlaw bar.

Termostatlar we awtomatika: takyk dolandyryş arkaly tygşytlama

Ýyladyş derejesini sazlaýjylary amatly temperaturany saklamaga we çykdajylary azaltmaga kömek edýär, aýratyn-da programmirläp bolýan tertipde.

holodnyj-raschyot-zimy-chto-nuzhno-biznesu-chtoby-projti-otopitelnyj-sezon-bez-poter.jpg(3)

Maslahat: ilki bilen esasy zolaklara — ofise, söwda meýdanyna we ammarlara — termostat oturtmakdan başlaň. ALSAT.tm-de diňe başlangyç däl, eýsem uzakdan dolandyryp bolýan ösen modeller hem bar.

Generatorlar: elektrik energiýasynyň öçmegine garşy gorag

Gyş paslynda elektrik energiýanyň öçme ähtimallygy artýar. Generator — işi togtatmazlyk üçin zerur çözgüt: tok bolmasa, ne gazan, ne-de nasos işleýär.

holodnyj-raschyot-zimy-chto-nuzhno-biznesu-chtoby-projti-otopitelnyj-sezon-bez-poter.jpg(4)

Bu görnüşler aşakdakylar üçin laýyk bolýar:

• Uly bolmadyk işewürlik üçin — 2–5 kWt güýje eýe inwerter benzin generatorlary;

• Ammarlar we önümçilikler üçin — 6 kWt-dan başlaýan dizel enjamlary.

ALSAT.tm-de AWR bilen (AVR) enjamlaryň ençemesi bar.

holodnyj-raschyot-zimy-chto-nuzhno-biznesu-chtoby-projti-otopitelnyj-sezon-bez-poter.jpg(5)

Antifriz we ýylylyk geçiriji suwuklyklar: turbalary we enjamlary goramak

Hil taýdan ýokary ýylylyk geçiriji suwuklyklar turbalaryň doňmagynyň, poslanmagynyň we ulgamyň zaýalanmagynyň öňüni alýar. Bu aýratyn-da garaşylmadyk öçürmelerde möhüm. Maslahat: diňe ulgam bilen laýyk gelýän markalary we dogry konsentrasiýany ulanyň. ALSAT.tm-de dürli howa şertlerine laýyk çözgütler bar.

Jaýlaryň we turbalaryň ýylylyk izolýasiýasy: ýylylyk ýitgilerini azaltmak

Izolýasiýa— iň arzan we netijeli tygşytlama usullarynyň biri. Gapylaryň, derwezeleriň, turbalaryň we armaturalaryň ýyladyşy köne ulgamdaky kemçilikleriň hem öwezini dolmaga mümkinçilik berýär. Maslahat: ilki bilen iň ynjyk zolaklary — giriş bölümini, ammar derwezelerini we daşky turba geçelgeleri — izolýasiýa ediň. ALSAT.tm-de ähli gerekli materiallar bar.

holodnyj-raschyot-zimy-chto-nuzhno-biznesu-chtoby-projti-otopitelnyj-sezon-bez-poter.jpg(6)

Gyzdyrýan kabel: doňmagyň we howply ýagdaýlaryň öňüni almak

Gyzdyrýan kabel turbalary, rampalary, açyk meýdançalary we beýleki töwekgelçilikli zolaklary doňmakdan goraýar. Bu, aýratyn-da ammar toplumlarynda we intensiw logistikaly kärhanalarda möhüm.

holodnyj-raschyot-zimy-chto-nuzhno-biznesu-chtoby-projti-otopitelnyj-sezon-bez-poter.jpg(7)

Gyşa taýýarlyk meýilnamasy: ädimleýin

• Binalary we ýyladyş ulgamyny gözden geçiriň.

• Zerur enjamlaryň sanawyny düz¬üň: radiatorlar, nasoslar, termostatlar, generatorlar, ýylylyk geçiriji suwuklyklar, izolýatorlar, gyzdyrýan kabeller.

• Ähli zerur zatlary ALSAT.tm-den sargaň: giň haryt görnüşi, ygtybarly üpjün edijiler we çalt eltip bermek.

• Desganyň işini togtatmazlyk üçin gurnama işlerini basgançaklaýyn meýilleşdiriň.

• Köne enjamyň ýagdaýyny barlaň — peýdasyz bolanlaryny hem ALSAT.tm arkaly satyp bolýar.

Netije Gyşa dogry taýýarlyk — işewürligiň durnuklylygyny üpjün edýän maýa goýumdyr. Dogry saýlanan enjam çykdajylary azaldýar, amatlylygy artdyrýar we işiň togtamagynyň öňüni alýar. ALSAT.tm ähli basgançaklary ýeňilleşdirýär: saýlap almakdan başlap çalt satyn almaga we köneleşen çözgütleriň ýerini çalyşmaga çenli.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026