Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Intel täze IT-direktoryny belleýär: Sanly özgertmä Adobe-niň weterany ýolbaşçylyk eder

Noýabr 20, 2025 | 15:40 |24318
Wezipe üýtgemeleriniň dowam edýän döwründe Intel kompaniýasy Sindi Stoddardy uly wise-prezident hem-de maglumat tehnologiýalary boýunça direktor (IT-direktor) wezipesine belländigini mälim etdiWezipe üýtgemeleriniň dowam edýän döwründe Intel kompaniýasy Sindi Stoddardy uly wise-prezident hem-de maglumat tehnologiýalary boýunça direktor (IT-direktor) wezipesine belländigini mälim etdi
Çeşme: bloomberg.com

Wezipe üýtgemeleriniň dowam edýän döwründe Intel kompaniýasy Sindi Stoddardy uly wise-prezident hem-de maglumat tehnologiýalary boýunça direktor (IT-direktor) wezipesine belländigini mälim etdi. Stoddard mundan öň dokuz ýylyň dowamynda Adobe kompaniýasynda şol bir wezipede üstünlikli işläp geldi.

Stoddard resmi taýdan şu ýylyň 1-nji dekabrynda wezipä girişer. Bu wezipä belleniş Intel üçin IT ugurynyň strategik ähmiýetini görkezýär. Sebäbi kompaniýa könelişen ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga hem-de AI platforma döredijileri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýar. Baş direktor Lip-Bu Tan Stoddardyň uzak möhletli üstünlik üçin zerur liderlik ukyplaryna eýedigini belläp geçdi.

Täze IT-direktory bu ugurda 25 ýyldan gowrak tejribä eýe. Adobe kompaniýasynda ol IT ulgamyny we bulut çözgütlerini dolandyrýardy. Şeýle hem Stoddard NetApp, Safeway we beýleki iri kompaniýalarda ýolbaşçylyk edip, işewürlik-prosesleriň we logistika ulgamynyň optimizasiýasy bilen meşgullanýardy.

Intel kompaniýasynda Stoddard emeli aň tarapyndan dolandyrylýan sanly özgertmäni dowam etdirmeli, könelen IT ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaly we kompaniýanyň içinde çözgütleriň kabul edilmegini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik döretmeli bolar. Şonuň üçin onuň bulut çözgütleri we logistika boýunça baý tejribesi Intel-iň uzak möhletli operasion binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026