HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Time neşiriniň çaklamasy: Emeli aň 37% mümkinçilik bilen «Ýylyň Adamy» bolup biler

Noýabr 19, 2025 | 19:00 |15170
"Time" žurnaly tarapyndan berilýän "Ýylyň adamy" adyna esasy dalaşgär hökmünde Emeli intellekt görkezildi, onuň şanslary 37% diýlip kesgitlenildi"Time" žurnaly tarapyndan berilýän "Ýylyň adamy" adyna esasy dalaşgär hökmünde Emeli intellekt görkezildi, onuň şanslary 37% diýlip kesgitlenildi
Çeşme: officelife.media

Polymarket bukmeker agentliginiň geçiren synyna görä, Emeli aň (EA) Amerikanyň Time žurnalynyň «Ýylyň Adamy» adyna iň mynasyp dalaşgär bolup durýar. Bu at bir ýylyň dowamynda dünýä jemgyýetine iň uly täsir eden adama ýa-da hadysanyň eýesine berilýär. Şu günki güne çenli EA-niň mümkinçilikleri 37% diýip hasaplanylýar.

EA-niň ýokary görkezijisi onuň jemgyýetiň ähli ugurlaryna edýän täsiriniň barha artýandygyny görkezýär. Mundan daşary, esasy dalaşgärleriň arasynda tehnologiýa, din we syýasat dünýäsinden birnäçe meşhur şahsyýet hem bar:

• Emeli aň (EA): 37% — tehnologiki hadysa, esasy dalaşgär.

• Jensen Huang: 16% — öňdebaryjy mikroçip üpjün edijisi Nvidia kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory.

• Rim Papasy Lew XIV: 15% — dini lider.

• Sem Altman: 8% — OpenAI kompaniýasynyň baş direktory.

• Donald Tramp: 6% — geçen ýylda «Ýylyň Adamy» adyna eýe bolan syýasatçy.

Time žurnaly 1927-nji ýyldan bäri her ýyl «Ýylyň Adamyny» saýlap gelýär. Köplenç ýeňiji belli bir adam bolýar, ýöne žurnal kämahal dünýä täsiri örän uly bolan ýagdaýynda abstrakt hadysalary ýa-da toparlary hem saýlapdy (mysal üçin, 2006-njy ýylda «Siz», 2014-nji ýylda «Ebola garşy göreşçileri»).

EA-niň meşhurlygynyň artmagy, raýatlaryň köpüsiniň gündelik we maşgala meselelerinde oňa ynam bildirmegi bilen hem tassyklanylýar. Bu bolsa häzirki jemgyýetde onuň esasy täsir edýän güýçleriň biridigini görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026