HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Microsoft» we «Nvidia» «Anthropic» EA-startapyna uly maýa goýýarlar

Noýabr 19, 2025 | 12:10 |15818
«Microsoft» we «Nvidia» kompaniýalary bilelikde emeli aň üçin tehnologiýalar bilen meşgullanýan «Anthropic» startapyna 15 milliard amerikan dollaryna çenli maýa goýmak kararyna geldiler.«Microsoft» we «Nvidia» kompaniýalary bilelikde emeli aň üçin tehnologiýalar bilen meşgullanýan «Anthropic» startapyna 15 milliard amerikan dollaryna çenli maýa goýmak kararyna geldiler.
Çeşme: Bloomberg HT

«Microsoft» we «Nvidia» kompaniýalary bilelikde emeli aň üçin tehnologiýalar bilen meşgullanýan «Anthropic» startapyna 15 milliard amerikan dollaryna çenli maýa goýmak kararyna geldiler.

Şeýle hem «Anthropic» «Microsoft Azure» bulut hyzmatyndan hasaplaýyş serişdelerini satyn almakçy, onuň bahasy, takmynan, 30 milliard amerikan dollaryna deň bolar. Iki kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde «Microsoft» «Anthropic» startapynyň EA modellerini ulanar. «Anthropic» bolsa «Microsoftyň» infrastrukturasyndan peýdalanar. Bu barada «Microsoftyň» baş direktory Satýa Nadella aýtdy.

«Anthropic» 2021-nji ýylda ozal «OpenAI» emeli aň ulgamynda işlän hünärmenler tarapyndan döredildi. Soňky geçirilen maýa goýum tapgyrynda 183 milliard amerikan dollaryna bahalandyryldy. Startap hasaplaýyş kuwwatlaryny giňeltmek boýunça iş alyp barýar we ABŞ-nyň dürli ştatlarynda maglumat merkezlerini gurmak üçin, takmynan, 50 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär.

Oktýabr aýynda «Anthropic» «Google» bilen hem ylalaşyk baglaşdy. Oňa laýyklykda, startap onlarça milliard dollar bahasy bolan 1 million sany ýöriteleşdirilen EA çipini satyn alar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026