HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen işewürleri «IF Wedding Fashion 2026» sergisine gatnaşmaga çagyrylýarlar

Noýabr 19, 2025 | 09:35 |19295
2026-njy ýylyň 20 — 22-nji ýanwary aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde toý we dabara lybaslaryna ýöriteleşen «IF Wedding Fashion 2026» sergisi geçiriler. Hasap boýunça 19-njy gezek geçiriljek bu iri gözden geçirilişde gelinliklere, öýlenýän ýigitlere niýetlenilen, şeýle-de beýleki dabaralada geçmek üçin lybaslar babatda iň soňky tendensiýalary, täze dizaýnlary hem-de öňdebaryjy brendleri birleşdirmegi maksat edinýär.2026-njy ýylyň 20 — 22-nji ýanwary aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde toý we dabara lybaslaryna ýöriteleşen «IF Wedding Fashion 2026» sergisi geçiriler. Hasap boýunça 19-njy gezek geçiriljek bu iri gözden geçirilişde gelinliklere, öýlenýän ýigitlere niýetlenilen, şeýle-de beýleki dabaralada geçmek üçin lybaslar babatda iň soňky tendensiýalary, täze dizaýnlary hem-de öňdebaryjy brendleri birleşdirmegi maksat edinýär.
Çeşme: expointurkey.org

2026-njy ýylyň 20 — 22-nji ýanwary aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde toý we dabara lybaslaryna ýöriteleşen «IF Wedding Fashion 2026» sergisi geçiriler. Hasap boýunça 19-njy gezek geçiriljek bu iri gözden geçirilişde gelinliklere, öýlenýän ýigitlere niýetlenilen, şeýle-de beýleki dabaralada geçmek üçin lybaslar babatda iň soňky tendensiýalary, täze dizaýnlary hem-de öňdebaryjy brendleri birleşdirmegi maksat edinýär.

«IF Wedding Fashion» sergisi moda dünýäsindäki iň uly wakalaryň biri bolup, gyzyklanma bildirýän türkmen telekeçileri oňa gatnaşmaga çagyrylýar.

Çäre ýerli we halkara brendleriň wekillerini, dizaýnerleri, önüm öndürijileri hem-de toý we dabara lybaslarynyň söwdasy babatda öňdebaryjy hünärmenleri bir ýere jemläp, modadaky täze ugurlar boýunça tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döreder. Şonuň üçin-de bu sergi halkara bazarda tanalmak, pudakda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gurmak üçin möhüm platforma hökmünde çykyş edýär.

«IF Wedding Fashion 2026» sergisine toý we dabara lybaslaryny öndürýän kompaniýalaryň, moda brendleriniň eýeleriniň, dizaýnerleriň we halkara moda neşirleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergi barada has giňişleýin maglumaty onuň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz: https://ifwedding.izfas.com.tr/

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026